Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy

Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy

1955-nji ýylda goýberilen Mercedes-Benz 300 SLR awtoulagy GFR-de geçen bäsleşikli söwdasynda aňrybaş ýokary bahadan, ýagny 135 mln ýewro satyldy. Bu barada penşenbe güni Sotheby's söwda öýüniň guramaçylary habar berdiler.

Olaryň berýän maglumatyna görä, bäsleşikli söwda 5-nji maý güni Ştutgartda Mercedes-Benz muzeýinde geçipdir.Gymmada giden awtoulag owal-ahyr dünýäde satylan ulaglaryň içinde iň gymmady boldy — 90 mln ýewrodan geçen utuşly stawka 2018-nji ýylda 48,4 mln dollara satylan, 1962-nji ýylda goýberilen Ferrari 250 GTO-nyň rekordyndan ýokary boldy.

Mercedes-Benz 300 SLR awtoulagy 1955-nji ýylda Rudolf Ulenhautyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň çapyşyk bölümi tarapyndan işlenip taýýarlanan iki prototipiň biridir hem-de awtoulag inženerçiliginiň we bezeginiň iň oňat nusgalarynyň biri hasaplanýar.

Awtoulagyň tizligi takmynan 290 km/sag-a çenli artypdyr, bu bolsa ony öz döwrüniň iň çalt tizlikli awtoulagy edipdir.Guramaçylaryň habar berişlerine görä, düşen pul serişdeleri bütindünýä Mercedes-Benz gaznasyny döretmäge sarp ediler.

Gazna daş-töwerek hakyndaky ylmyň çäklerinde ýaşlary bilim beriş we barlag-derňew talyp haklary bilen goldamaga niýetlenendir.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Elektriki Mercedes-Benz zarýad bermesiz 1200 kilometrden gowrak aralygy geçdi
Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Çiliç Sankt-Peterburgdaky ATP ýaryşynda ikinji gezek çempion boldy
Dünýäniň iň gymmat brendleri
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler