Elektriki Mercedes-Benz zarýad bermesiz 1200 kilometrden gowrak aralygy geçdi

Elektriki Mercedes-Benz zarýad bermesiz 1200 kilometrden gowrak aralygy geçdi

Mercedes-Benz kompaniýasy Vision EQXX-iň elektriki prototipiniň awtonomlygynyň täze goýan rekordy hakynda gürrüň berdi. Sedan öňki geçen 200 kilometre golaý netijesini gowulandyryp, bir gezek berlen zarýadynda köpçüligiň ulanýan ýoly bilen 1202 kilometr aralygy geçdi.

Aprelde prototip bir gezek berlen zarýadynda Germaniýanyň Ştutgartyndan Fransiýanyň günorta-gündogaryndaky Kassis şäherine çenli aralygy geçdi. 1008 km ýoly külterlemek üçin oňa 11 sagat 32 minut gerek boldy. 100 km ýola ortaça 8,7 kWt/s energiýa sarp edildi, şu ýagdaýda pellehana gelen elektrokaryň ýene 140 km geçmäge ätiýajy galdy.

Täze rekordda hem Ştutgartdan badalga alnyp, Beýik Britaniýanyň Silwerstoun çapyşyk trekine çenli aralyk geçildi. Ýol 14 sagat 30 minut wagt aldy. Ýolda hereketiň köpdügine we howanyň yssydygy sebäpli kondisioneriniň 8 sagat töweregi işledilendigine garamazdan, energiýany hasam az sarp etdi: 100 km aralyga 8,3 kWt/s.

Elektrokar treke gelende zarýady doly gitmändi - rekord 1202 km menziliň içine Silwerstoun boýunça edilen 11 aýlaw (65 kilometr töweregi) hem girdi, şonda prototip öz aňrybaş tizliginde - 140 km/s tizlik bilen sürüldi.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy
“Altyn palma” dalaşgär filmler:
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty