2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar

Ýangyç bilen hereket edýän ulaglaryň peýda bolanyna 130 ýyl töweregi wagt geçdi. Şondan bäri bu ugurda uly ösüşler gazanyldy.Dürli kompaniýalar her ýylda has ýokary tizlikli, kuwwatly ulaglary öndürýärler. Şeýle-de bolsa, köp awtoulag onlarça ýyl ozal öndürilendigini garamazdan gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam artdyrýar.

Az sanly öndürilen ýa-da häzirki wagtda çenli az sanlysy gelip ýeten ulaglar auksion arkaly has gymmada satylýar. 2022-nji ýylda hem auksionlarda satylan ulaglarda baha rekordlary hasaba alyndy.

Ine, ýylyň dowamynda satylan iň gymmat ulaglaryň onusy.

“Mercedes-Benz 300 SLR Uhlenhaut Coupe”. 1956-nji ýylda satylan bu ulag häzirki çenli satylan iň gymmat awtoulag boldy. “Sotheby’s” auksion öýüni guran söwdasynda bary-ýogy 2 sanysy öndürilen modeliň biri 140 million dollara satyldy.

Nemes brendiniň Ştutgart şäherindäki “Mercedes-Benz” muzeýinde guralan auksiona gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýerlerinde işewürler we olaryň wekilleri bu ýere uçarlar bilen bu ýere getirildi.Modeliň ady şol döwür kompaniýanyň test bölüminiň ýolbaşçysy Rudolf Uhlenhaut bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

“1998 McLaren F1”. Taryhy o diýen uzak bolmadyk bu ulag 25 million 662 müň dollara täze eýesine gowuşdy. Bary-ýogy 42 müň kilometer ýol geçen ulagdan 64 sanysy öndürilipdir.

“1955 Ferrari 410 Superamerica Sport Spider”. Kompaniýanyň sport ýaryşlarynda gazanan üstünligi bilen adygan bu ulagy 22 million 623 müň dollar satyldy. Ulag 1956-njy we 1957-nji ýyllarda Kerroll Şelbi tarapyndan birnäçe ýaryşda ulanyldy. Şelbi bu ulag bilen 8 gezek münberiň ýokary basgançagyna, 10 gezek ikinji we üçünji basgançagyna çykdy.

“2003 Ferrari F2003 GA”. Ady rowaýata öwrülen Mihael Şumaher “F1 2003” möwsüminde bu ulag bilen 5 ýaryşda ýeňiji bolupdyr. Ulaga geçen ýyl abatlanyp, “Sotheby’s” tarapyndan 15 million 811 müň dollara satyldy.

“1937 TALBOT-LAGO T150-C-SS TEARDROP COUPE”. Ýokarda agzalýan auksion öýi tarapyndan 12 million 343 müň dollara satyldy.

“1937 BUGATTI TYPE 57 ATALANTE COUPE”. Ulagyň täze eýesi 10 million 599 müň dollar töledi.

“1937 MERCEDES-BENZ 540K SPECIAL ROADSTER”. 10 million 182 müň dollara satyldy. Bu ulagyň häzire çenli gelip ýeten 3 “Roadster”-dan biridigi mälim edildi. Ulag 21 müň kilometr ýol geçipdir.

“1924 HISPANO SUIZA H6C TORPEDO ROADSTER”. Agaç kapoty bolan ulag wagtynda birnäçe ýaryşa gatnaşypdyr. Ulaga 9 million 503 müň dollar tölendi.

“1960 FERRARI 250 GT SWB COUPE”. “Gooding & Co’s” tarapyndan satuwa çykarylan ulag 9 million 440 müň dollar satyldy.

“1958 MASERATI 450S FANTUZZI”. Öndürilen 10 ulagyň 9-njysy bolan model “Sotheby’s” tarapyndan guralan söwdada 9 million 250 müň dollara satyldy. Öz wagtynda gatnaşan ýaryşlarda uly üstünli gazan ulagyň V8 motory 1990-njy ýyllarda abatlanypdyr.

Ýene degişli makalalar

Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy
100 megapiksellik foto enjam
Ýurduň obasenagat toplumy täze oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görýär
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Holliwud Kino tankytçylary birleşigi geçen ýylyň iň gowy filmini saýlady