Münhende başlap, Berlinde tamamlanar

UEFA 2024-nji ýylda Germaniýada guraljak Ýewropa çempionatynyň kalendaryny, duşuşyklaryň geçiriljek şäherlerini kesgitledi. Şoňa görä, 17-nji Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Duşuşyklar 10 şäherde oýnalar.Olar Hamburg (“Volksparkstadion”), Leipsig (“Red Bull Arena”), Berlin (“Olympiastadion”), Münhen (“Allianz Arena”), Gelsenkirhen (“Arena AufSchalke”), Frankfurt (“Waldstadion”), Düsseldorf (“Merkur Spiel-Arena”), Köln (“RheinEnergieStadion”), Dortmund (“Westfalenstadion”) hem-de Ştutgart (“Mercedes-Benz Arena”) şäherleridir.

Ady agzalan şäherlerden diňe Düsseldorfdan galan 9-synda, 2006-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň duşuşyklary hem geçirilipdi.

Çempionatyň açylyş duşuşygy 14-nji iýunda Münhen şäherindäki “Allianz Arenada”, final duşuşygy bolsa 14-nji iýulda Berlin şäherindäki Olimpiýa stadionda geçiriler.

Çempionatyň saýlama tapgyrynyň bijeleri şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Frankfurtda çekiler. 54 ýygyndy 10 toparça paýlanyp, olaryň 6-synda 5, 4-sinde bolsa 6 ýygyndy çykyş eder. Çempionata jemi 24 ýygyndy gatnaşar. Ýewropa çempionaty 1988-nji ýyldan soň 2-nji sapar Germaniýada geçiriler. EURO 2020-niň käbir duşuşyklary-da Germaniýada geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 9-njy sentýabr
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“La Liganyň” 89-njy
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi