“Real Madrid” topary Angliýanyň “Çelsi” klubunyň germaniýaly goragçysy Antonio Rudigeri düzümine goşandygyny resmi ýagdaýda habar berdi. “Çelsi” bilen şertnamasy tamamlanan 29 ýaşyndaky merkezi goragçy erkin agent ýagdaýynda transfer boldy.
Ol “Real Madrid” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.Ispan kluby Rudigere her ýyly üçin 10 million ýewro hak tölär. 2017-nji ýylda “Çelsä” geçen Rudiger londonlylaryň düzüminde 203 oýunda 12 gol geçirdi.
Karýerasyna “Bundesligada” “Ştutgartda” başlan Antonio Rudiger “Real Madridde” çykyş edip başlan güni ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynyň 4-sinde (“Bundesliga”, “Serie A”, “Premier Liga”, “La Liga”) oýnan we sany o diýen köp bolmadyk futbolçylaryň hataryna goşular. Ol “Serie A”-da “Romanyň” köýnekçesini geýipdi.
