Türkmen wekiliýeti Bakuda Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Bakuda Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagyna gatnaşdy

23-24-nji maýda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagy, şeýle hem korrupsiýa garşy göreşmek boýunça sebitara okuw çäresi geçirildi.

Çäreleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti bilelikde gurady.

Çärelere gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä gümrük guramasynyň we beýleki ygtyýarly edaralaryň hünärmenleri, şeýle hem hyzmatdaşlar we hemaýatkärler gatnaşdy.

Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagynyň barşynda Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň häzirki ösüşi, geljegi, kynçylyklary we ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw çäresiniň agzalary bolsa döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek we korrupsiýa garşy göreş, hukuk goraýjy ulgamlarda we beýleki döwlet edaralarynda adalatlylygy we bitewüligi üpjün etmek meselelerine giňişleýin syn berdiler.

Duşuşykda soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin tagallalaryň gaýgyrylmajakdygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Farap awtoýollary gümrük nokadynda bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistanda iş saparynda boldular
Duşanbede türkmen we täjik gümrükçileriniň bilelikdäki okuwlary geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Deslapky maglumaty alyşmak we ýük gözegçiligi boýunça dördünji sebitara duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen we özbek gümrükçileri üçin bilelikdäki okuw çäresi geçirildi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gullugynyň işgärleri konteýner gatnawyna gözegçilik etmek boýunça okuwlara gatnaşdy