Türkmen wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde hasabat bilen çykyş etdi

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde hasabat bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti 6-njy noýabrda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Ähliumumy döwürleýin syn boýunça hasabat berdi. Duşuşygyň dowamynda söz azatlygyndan metbugat azatlygyna, gender deňliginden hereket azatlygyna çenli dürli ugurlarda adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna syn berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti öz hasabatynda ýurtda adam hukuklary boýunça “kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde möhüm özgerişleriň we öňegidişlikleriň” gazanylýandygyny öňe sürdi.

80-den gowak ýurduň wekiliýetleri adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça öz belliklerini aýtdylar, bu ugurda käbir teklipnamalary hödürlediler.

Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ençemesi, Birleşen Ştatlary, Kanada we Britaniýa ýaly Günbatar ýurtlaryň wekiliýetleri Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly käbir ýagdaýlara alada beýan etdiler.

Britaniýa Halkara zähmet guramasynyň missiýasynyň Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyna esewan etmek üçin soňky aýlarda ýurda baryp görmegine rugsat berilmegine hoşallyk bildirdi.

Şol bir wagtda, britan wekiliýeti Türkmenistanda pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetden peýdalanylmagy boýunça belliklerini aýtdy we ýurtda zor bilen ýitirim etmeler, ilatyň maglumat elýeterliliginiň çäklendirilmegi ýaly hukuk bozulmalary boýunça aladalaryny beýan etdi.

Britaniýa mundan ozal Türkmenistana berlen teklipnamalaryň ençemesiniň ýerine ýetirilmändigini belläp, bu ýurda gynamalara garşy goşmaça teswirnamany ratifikasiýa etmegi, mejbury zähmeti gadagan edýän kanunçylyk namasyny kabul etmegi, hem-de maglumat elýeterliliginiň we ýygnanyşmak azatlygynyň öňüni baglaýan çäklendirmeleri aradan aýyrmagy teklip etdi.

Ähliumumy döwürleýin synda çykyş eden ABŞ wekili Türkmenistanda ilatyň maglumat elýeterliliginiň çäklendirilmegi boýunça alada beýan etdi.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hökümetini raýatlaryň has giň maglumat elýeterliligi bilen üpjün edilmegini gazanmak üçin, hem-de aýdyňlygy we aç-açanlygy artdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, garaşsyz media serişdeleriniň hem-de raýat jemgyýetiniň öňündäki päsgelçilikleri aradan aýyrmagy teklip etdi.

ABŞ Türkmenistana zor bilen ýitirim edilenleriň ählisi, şol sanda türme möhleti tamamlanan adamlar barada olaryň maşgala agzalaryna we adwokatlaryna maglumat bermegi, garaşsyz barlagçylara ýurduň türme ulgamyna baryp görmäge rugsat bermegi, hem-de ýurtda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamyny aradan aýyrmagy teklip etdi.

Fransiýa Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynyň demokratiýanyň hiç hili alamatyny görkezmändigine gynanç beýan etdi.

Beýleki demokratik ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda fransuz wekili hem Türkmenistanda raýatlaryň senzurasyz Internet bilen üpjün edilmegine we pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmazlygyna kepil geçilmegini teklip etdi. Şeýle-de, Fransiýa Türkmenistany zor bilen ýitirim etmeler boýunça halkara konwensiýa hem-de gynamalara garşy goşmaça teswirnama goşulmaga çagyrdy.

Germaniýa türkmen tussaghanalaryndaky ýaramaz şertlere hem-de söz-beýan azatlygynyň, maglumat azatlygynyň we hereket azatlygynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada beýan etdi.

Kanadanyň wekili ýokarda agzalan meseleler bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada beýan etdi.

Günbatar ýurtlaryndan tapawutlylykda, Russiýa, Eýran we Hytaý ýaly awtoritar ýurtlaryň wekilleri Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklaryny ösdürmek ugrunda gazanylandygy aýdylýan özgertmelere hoşallyk beýan etdiler.

Russiýa Türkmenistanyň adam hukuklary bilen bagly kanunçylyk gurallaryny güýçlendirmek tagallalaryny gutlady. Hytaý Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we goldamak boýunça alyp baran “öňegidişlik tagallalaryna” hoşallyk bildirdi. Russiýa we Hytaý esasan türkmen wekiliýetine halkyň durmuş-ykdysady hal ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrunda birnäçe teklipnama hödürledi.

Duşuşyga gatnaşan Eýran wekiliýeti hem Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň “ösdürilmegini”, şol sanda saglygy saklaýyş ulgamyndaky milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegini hoşallyk bilen makul garşylady. Şol bir wagtda, Eýran Türkmenistana şäher ýerleriniň we oba ýerleriniň saglygy saklaýyş ulgamlarynyň arasyndaky ara tapawudy aşaklatmagy teklip etdi.

Türkmen wekiliýeti öz hasabatynda degişli döwürde ýurtda kabul edilen ýa-da üýtgetme girizilen kanunçylyk namalaryna, ratifikasiýa edilen halkara konwensiýalaryna, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryny ösdürmek ugrunda geçirilen okuw sapaklaryna, dürli pudaklarda amal edilýän milli maksatnamalara we beýlekilere salgylandy.

Ähliumumy döwürleýin syn BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde her bäş ýylda bir gezek geçirilýär. Mundan ozal, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylyň maý aýynda Ženewada adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça hasabat bilen çykyş edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy
14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi