Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy

3-4-nji aprel aralygynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky (CIGEPS) mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlisiň işine Türkmenistanyň ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewden we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň başlygy Ş.Seräýewden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň işine CIGEPS-iň başlygy, Çiliniň sport ministri jenap Haýme Pisarro, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary boýunça orunbasary Gabriela Ramos, CIGEPS-iň ozalky başlygy, Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaibow, ÝUNESKO-nyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) we hökümete degişli däl guramalaryň agza döwletlerinden wekiller gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, CIGEPS-iň 2024-nji ýyldaky mejlisi Bedenterbiýe we sport boýunça jogapkär ministrleriň we ýolbaşçy işgärleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) jemleri boýunça geljekde amala aşyrylmaly işlere bagyşlanar we onuň dowamynda 110-dan gowrak agza döwlet Fit for Life bileleşigini esaslandyran MINEPS VII-niň Baku jemleýji resminamasyny makullady.

Bu Global bileleşik Fit for Life maksatnamasynyň milli we halkara derejede durmuşa geçirilmegini goldamak üçin hususy we döwlet pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Sekretariat Fit for Life-yň işiniň ileri tutulýan ugurlarynda gazanylan ösüşler barada maglumatlary ýetirýär.Munuň özi iri sport çäreleriniň jemgyýetçilik we ekologiýa mirasyny ösdürmek, sportuň edýän täsiriniň subutnamalar binýadyny berkitmek, sporta goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, gender deňliginiň we kepillikleriň üpjün edilmeginiň goralmagy, jynsparazlyga garşy göreş, ýaşlaryň hukuklarynydyr mümkinçiliklerini giňeltmek, Afrika sport ekoulgamynyň mümkinçiliklerini açmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda ÝUNESKO-nyň 2024-nji ýyldaky ýokary derejeli çärelerine syn berildi.

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetine agzalyga saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
“Google” ulgamynyň işinde näsazlyk döredi
Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy
Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar