Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşýar

12-nji dekabrda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Hyatt Regency Tashkent myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy öz işine başlady.Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň iň esasy ynsanperwer ugurly çäresi hasaplanýan, iki gün dowam edýän bu foruma Türkmenistandan hem medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlaryna wekilçilik edýän agzalardan ybarat bolan wekiliýet gatnaşýar.

Döredijilik forumyna Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýadan görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleriniň, alymlaryň, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragyny bir meýdança jemledi.

Myhmanhananyň eýwanynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan gurnalan sergi bilen tanyşlykdan soňra, GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynyň dabaraly açylyşy boldy.Ynsanperwer hyzmatdaşlyk: otuz ýylyň tejribesi we ösüşiň geljekki mümkinçilikleri atly mowzukda guralýan forumyň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar plenar mejlisiň dowamynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny, bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlarynydyr görnüşlerini kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Plenar mejlisiň işi tamamlanandan soňra, Arkalaşygyň ýyldyzlary döwletara baýragynyň hem-de Başlangyçlar Arkalaşygy halkara baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy geçiriler.Mejlisiň jemleri bolsa degişli wekilleriň gatnaşmagynda guraljak metbugat maslahatynda beýan ediler.

Günüň ikinji ýarymynda forum öz işini GDA-nyň medeni paýtagty — 2022, GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 atly taslamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça tanyşdyrylyşlar, Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni mirasy atly bölümçedäki mejlis bilen dowam etdi. Çäräniň birinji güni Arkalaşygyň döwletleriniň ýaş sazandalaryndan düzülen GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti bilen jemlendi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahata badalga berildi
Buz myhmanhanalary: sowuk howadaky täsirli başdangeçirmeler
Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar
Ronaldunyň Er-Riýadda ýaşajak ýeri belli boldy
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...
Kabulda Hytaýlylaryň Bolýan Myhmanhanasyna Hüjüm Guraldy