Türkmen wekiliýeti Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýar

28 30-njy awgustda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda Kazan ählumumy ýaşlar sammiti geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan habar berildi.

Sammite Eýran, Täjigistan, Liwiýa, Senegal, Liwan, Kamerun, Somali ýaly 30 töweregi döwletden ýaşlaryň işleri boýunça edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar diýip, çeşme habar berýär. Sammitiň çäklerindäki çärelere Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretariatynyň, Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň, Yslamyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek boýunça halkara ylmy-barlag merkeziniň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, iki günlük sammit häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanýar. Sammit sagdyn maşgala gymmatlyklaryny ösdürmek, dowamly bilim, şahsyýet goraglylygy, birek-birege düşünişmek we hormat goýmak, halklaryň arasyndaky dostluk ýaly temalar boýunça aýratyn sessiýalary hem öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Dünýä Liderleri Erdogany Gutlady