Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar

Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor atly halkara oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we oňa türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew türkmen tarapynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmagy ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine, şeýle-de 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Londonda Patyşa Karl III bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary