Türkmen wekiliýeti Nukus şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Nukus şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan awtonom Respublikasynyň Nukus şäherinde geçirilen Üstýurt düzlüginiň biodürlüligini goramak bilen bagly duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Özbegistanyň Tebigy baýlyklar ministrliginiň hem-de Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada özbek elektron neşirleri habar berdi.

Duşuşykda serhetýaka sebitde ýerleşýän Üstýurt düzlügi boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle-de BMG-niň Göçegçi ýabany haýwanlary goramak boýunça Konwensiýasynyň Merkezi Aziýadaky süýdemdirijileri goramak başlangyjyndan gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar haýwanlara gözegçilik etmegi kämilleşdirmek, goraghanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly birnäçe teklipleri beýan etdiler. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işi barada tanyşdyrydylar hem-de Türkmenistanyň süýdemdirijileri goramak we olaryň tebigy göçmegini üpjün etmek boýunça MASGB-niň (Merkezi Aziýadaky süýdemdirijileri goramak başlangyjynyň) Hereketler meýilnamasyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Nukusda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we türkmen-özbek dostlugynyň hormatyna çäre geçirildi
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi