Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň işewür toparlary bilen söwda gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň işewür toparlary bilen söwda gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2627-nji iýunda Stambula amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkiýäniň öňdebaryjy işewür birleşikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen wekiliýeti 27-nji iýunda Türkiýäniň Söwda edaralary we haryt biržalary birleşiginiň ilkinji wise-prezidenti Ali Kopuz bilen gepleşik geçirdi. Şol gün Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen hem duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türki döwletleriň çäklerinde köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, iki ýurduň söwda-senagat düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara haryt dolanyşygynyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwdany ösdürmegiň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň we durnukly önümçilik-logistika zynjyrlaryny kemala getirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge, şeýle hem täze bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýär
11.08.2019 | Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy
Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy
Ankarada türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyryldy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar