Türkmen wekiliýeti UNECE-niň sebitleýin forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti UNECE-niň sebitleýin forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda çarşenbe güni badalga berlen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň gün tertibiniň UNECE sebitinde ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi we şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň kabul edilendigi barada belläp geçdi.

M.Serdarowyň aýtmagyna görä, global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti global pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna ýetirip biljek degişli täsirini peseltmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreler görüldi.

Forum öz işini aprel aýynyň 7-ne çenli dowam eder.

Ýewropanyň ykdysady komissiýasy 1947-nji ýylda BMG-niň Ykdysady-durmuş geňeşi tarapyndan döredilip, onuň agzalygyna 56 döwlet girýär. Onuň baş wezipesi Ýewropanyň ykdysady integrasiýasyna ýardam bermek bolup durýar

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine täze ýolbaşçy belledi
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy