Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar

26 29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde Tourism Expo Japan 2023 halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň sebit ýolbaşçysy Okuda Hisakasu Türkmenistanyň sergide görkeziljek diwarlygynyň nusgasyny görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we birnäçe syýahatçylyk kärhanalary bilen geçirilen duşuşykda halkara serginiň çäklerinde guraljak tanyşdyryş çäreleri maslahatlaşyldy. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeni mirasy görkeziler. Serginiň çäklerinde türkmen lybaslarynyň we bezeg şaý-sepleriniň görkezilişini guramak hem meýilleşdirilýär.

Tourism Expo Japan 2023 halkara syýahatçylyk sergisi degişli pudakda iň iri forumlaryň biridir. Ol her ýylda Ýaponiýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasy, Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy we Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Tourism expo Osaka 2023 syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
Türkmenistan Tourism Expo Osaka 2023 halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän syýahatçylyk forumyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler Serhetsiz Hazar bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, Altyn Asyr we Merw AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar