Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

25-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde Tourism Expo Japan 2023 halkara syýahatçylyk forumynyň açylyş dabarasy boldy. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Foruma gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy, Aşgabat syýahat, Halkara syýahat, Durdynyýaz, Dag syýahat, Aziýanyň merjeni syýahatçylyk kompaniýalarynyň, şeýle-de AÝMÄHRI modalar öýüniň ýolbaşçylarydyr wekilleri foruma gatnaşdylar.

Forumda Türkmenistanyň pawilýony Merkezi Aziýa bölüminde ýerleşdirildi.

Tourism Expo Japan 2023 forumynyň esasy temalary dynç alyş, kenarýaka we işewür syýahatçylyk, syýahatçylyk önümleri hem-de syýahatçylyk operatorlary ýaly ugurlara bölündi. Forumyň çäginde adaty sergi we işewürlik duşuşyklary bilen bir hatarda, guramaçylar tarapyndan sergä gatnaşyjylara syýahatçylyk pudagy üçin täze iş mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek edýän çäreleriň uly toplumy hödürlenilýär.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary tanyşdyryş çärelerini, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirerler.

Halkara syýahatçylyk sergisiniň soňky güni bolan 29-njy oktýabrda foruma gatnaşýan ýurtlaryň medeni mirasynyň tanyşdyrylyş dabaralary guralar. Onda AÝMÄHRI modalar öýi tarapyndan türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy görkezilişe çykarylar.

Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýurtlarynyň syýahatçylyk düzümlerini bir ýere jemlän sergä 150 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Tourism Expo Japan 2023 halkara syýahatçylyk sergisiniň guramaçylary bolup Ýaponiýanyň syýahat we syýahatçylyk birleşigi, Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň birleşigi (JATA) hem-de Ýaponiýanyň milli syýahatçylyk guramasy (JNTO) çykyş edýärler.

Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän, gatnaşyjylara bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýän syýahatçylyk sergisine ýurdumyzyň eýýäm birnäçe gezek gatnaşandygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Tourism expo Osaka 2023 syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
Türkmenistan Tourism Expo Osaka 2023 halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler Serhetsiz Hazar bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, Altyn Asyr we Merw AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar