Türkmen ykdysatçysy resmi statistikany ulanmaýandyklary üçin maliýe guramalarynyň maglumatlaryny ygtybarsyzlykda aýyplady

Türkmen ykdysatçysy resmi statistikany ulanmaýandyklary üçin maliýe guramalarynyň maglumatlaryny ygtybarsyzlykda aýyplady

Türkmenistanyň ykdysatçylar bileleşiginiň başlygy Ýuriý Aronskiniň SNG FM neşirine aýtmagyna laýyklykda, Türkmenistanyň içerki haryt dolanyşygynyň ösüşi barada halkara maliýe guramalarynyň ýaýradan hasabatlary “ilkinji statistiki maglumatlara”daýanmaýandygy sebäpli, ygtybarsyz.

Ol Türkmenistanyň jemleýji maliýe syýasatynyň hatda, ol ilatyň hal-ýagdaýyny ösdürmek üçin gönükdirilmeýändigine garamazdan, umuman üstünlikdigini we “uzakdan görüjidigini” belleýär.

Şol bir wagtda, Aronskiý koronawirus pandemiýasy bilen bagly kynçylyklar barada nygtap, onuň turizm we ulag pudagyna oňaýsyz täsirini ýetirendigini aýdýar.

Şeýlede ykdysatçy nebitiň we tebigy gazyň bahasynyň arzanlamagy bilen Türkmenistanda nagt walýuta ýetmezçiliginiň emele gelendigini boýun alypdyr.

Ýatlatsak, Bütindünýä Pul Gaznasynyň apreliň başlarynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň IHD-nyň ösüşine baha berende resmi maglumatlary ulanmagyny togtatdy.

Şol sebäpli BPG-nyň ekspertleriniň pikiriçe, geçen ýyl Türkmenistanyň IHD-nyň hakyky ösüşi 0,8 göterim boldy. Emma, resmi häkimiýetler bu görkezijiniň 5,9 göterime deňdigini tekrarlaýarlar.

Mundan owal Türkmenistanyň resmi ykdysady maglumatlarynyň ygtybarlygyna “Fitch Solutions” halkara maliýe edarasynyň ekspertleri hem şübhe bildirdiler.

Ekspertleriň aýdyşyça, “Türkmen hökümetiniň berýän maglumatlary ygrybarsyzlygy bilen tanalýar we olar 2020-nji ýyldaky ykdysady krizisiň hakyky gerimini gizlemek maksady bilen galplaşdyrylan bolmagy ähtimal ”The post Türkmen ykdysatçysy resmi statistikany ulanmaýandyklary üçin maliýe guramalarynyň maglumatlaryny ygtybarsyzlykda aýyplady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Awaza sammitinde türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň 'maslahatlaşylmagyna garaşylýar'
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Resmi habar
17.11.2020 | Resmi habar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
“Nokia” hem düwmeli, hem “akylly” telefon çykardy