“Nokia” hem düwmeli, hem “akylly” telefon çykardy

“Nokia” hem düwmeli, hem “akylly” telefon çykardy

Soňky wagtlarda käbir kompaniýalar ozalky telefonlarynyň “akylly” görnüşlerini çykarýar. Şeýle brendleriň biri bolan “Nokia” hem düwmeli, hem-de “akylly” telefon çykardy. “Nokia 6300 4G” hem-de “Nokia 8000 4G” atly telefonlar adyndan belli bolşy ýaly 4G aýratynlygy bilen tapawutlanýar. “Nokia” brendiniň söwda maksatly hukuklaryna eýeçilik edýän “HMD Global” mundan ozal wagtynda meşhurlyga eýe bolan “Nokia 3310” bilen bir hatarda birnäçe modeli satuwa çykarypdy.

Täze “Nokia 6300 4G”-niň daşky gabarasy plastikadan öndürilipdir.Telefonyň ýüzünde ululygy 2,4 dýuýma barabar QVGA ekran bar.Ekranyň aşagynda bolsa, ozalky telefonlardaky ýaly adaty düwmeler ýerleşdirilipdir. “Qualcomm Snapdragon 210” mikroprosessory oturdylan telefonyň RAM-y 512 MB.

VGA kamerasy oturdylan telefonda 3,5 mm-lik gulaklyk girişi göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem “MicroSD” kart dakyp bolýan enjam FM Radio, “LTE Cat 4”, Wi-Fi, “Bluetooth”, A-GPS we goşa SIM-kart ýaly ýokary tehniki aýratynlyklar bilen üpjün edilipdir.

“Nokia 8000 4G” telefonyň daşky şekili meňzemese-de, tehniki aýratynlyklary “6300 4G” bilen meňzeş. Telefonlaryň ikisine hem “Google Asisstent” kömekçisi oturdylyp, “Nokia 6300 4G” 49 ýewrodan, “8000 4G” 79 ýewrodan satuwa çykarylar.

Ýene degişli makalalar

“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi
Nokia-nyň täze planşeti
Mobile tm internet-dükanynda islendik bahadan mobil telefonlary satyn alyp bilersiňiz
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi
Nokia zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy
Ekologiýa taýdan arassa telefon