Nokia-nyň täze planşeti

“Nokia” kompaniýasy önümleriniň çydamlylygy we hili bilen tapawutlanýar.Hut şonuň üçin-de kompaniýanyň her bir täze önümi alyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar.Brende eýeçilik edýän “HMD Global” ýakyn wagtda ikinji “Nokia T20” planşetiniň satuwynyň başlanjakdygy barada habar berdi.

Android operasiýa ulgamynda işleýän ikinji Nokia planşeti TA-1462 belgisi bilen hasaba alnypdyr.Bu barada ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň (FCC) web sahypasynda maglumat berilýär.Belläp geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýynda “Nokia T20” planşetiniň ilkinji görnüşi tanyşdyrylypdy. 1200 × 2000 piksel durulykdaky 10,4 dýuýmly, 2K ekranly planşet 5 megapikselli öň we 8 megapikselli yzky kamerasy bilen enjamlaşdyrylypdy.

Ilkinji planşetiň batareýa kuwwaty 8200 mAh güýjüne deňdi.Nokia T10 ady bilen satuwa çykaryljak ikinji planşet 1280 x 800 piksel durulykda bolup, 8 dýuýmlyk ekran, stereo ses gataldyjy bilen üpjün edilendir.

Planşetiň öň tarapynda 2 megapikselli, arka tarapynda bolsa 8 megapikselli kamera ýerleşdirilipdir.Habar berlişine görä, planşetiň FCC maglumatlary, 2,4 we 5 GGs ýygylyk zolakly 802.11ac Wi-Fi dolandyryjy, şeýle hem LTE öýjükli ulgamlaryna birikmek üçin 4G modulynyň bardygy tanyşdyryldy. Şeýle-de gadžet kuwwaty 5100 mAh kuwwatly zarýad berilýän batareýa bilen üpjün edilendir.“Nokia” kompaniýasy ýakyn wagtda dünýä bazarynda täze planşetleriniň giň gerimli söwdasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Durdymämmet AMANMÄMMEDOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Nokia özüniň iň arzan smartfonyny - C1 Plus-y tanyşdyrdy
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi
Nokia zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy
“Nokia” bir ýyldan bäri girdejili gazanýar
Ekologiýa taýdan arassa telefon