Nokia aprel aýynda täze smartfonlaryny hödürlär

Nokia aprel aýynda täze smartfonlaryny hödürlär

Nokia 8-nji aprelde täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer diýip, ixbt.com habar berýär.

Bu çärede haýsy smartfonlaryň hödürlenjekdigi heniz belli däl. Ýöne brendiň ilkinji oýun smartfony Nokia G10 anons ediler diýlip çaklanylýar.Bu enjamyň täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,4 dýuýmlyk PureDisplay ekrana, 8 ýadroly Snapdragon 775G prosessoryna, 48 Mp datçikli kwadro-kamera we 5000 mA/sag akkumulýatora eýe bolmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, çärede azyndan iki sany Nokia smartfony görkezilip bilner: Nokia X10 we Nokia X20.Nokia X20 6 GB operatiw ýat we 128 GB hemişelik ýat bilen Qualcomm Snapdragon 480 5G prosessoryna esaslanar diýlip çaklanylýar.

Nokia X10 bolsa 6 GB operatiw ýat we 32 GB hemişelik ýat bilen ýaşyl hem-de ak reňklerde elýeterli bolar.Nokia X20 we Nokia X10 5G ulgamyny göterer.

Ýene degişli makalalar

Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Telefon satuwy gyzyşýar
6G internet ulgamy boýunça bäsleşik gyzyşýar
“Nokia” bir ýyldan bäri girdejili gazanýar
4G internetli we Wi-Fi-da işleýän düwmeli telefon tanyşdyryldy