Telefon satuwy gyzyşýar

Iri kompaniýalar 2021-nji ýylyň birinji ýarymyna degişli maglumatlaryny ýaýradyp başladylar. Ýaýradylan maglumatlarda telefon öndürijileriniň hem söwdasynyň ýokary bolandygyny görmek bolýar. Üç aýyň dowamynda “Samsung” kompaniýasy bäsdeşlerinden ozduryp, iň köp telefon satan brend boldy.

Ikinji we üçünji orny “Apple” hem-de “Xiaomi” eýeleýär.Degişli döwürde global smartfon satuwy 27 göterim ýokarlanypdyr.Koreý brendi 76,5 million telefon satyp, dünýädäki smartfon bazarynyň 22 göterimini emele getiripdir.

Birküç ýyllykda belli bir döwür birinji orny eýelän “Huawei” bolsa, 18,6 million smartfon satyp, ýedinji orna düşüpdir.Telefon satuwynda ikinji, üçünji kämahal dördünji orny düşýän hem bolsa girdeji babatda hemişe birinjiligi elden bermeýän “Apple” kompaniýasy 52,4 million telefony müşderilere ýetiripdir.

Amerikan brendiniň bazar paýy 15 göterim bolupdyr.Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy satuwyny 62 göterim artdyryp, 49 million smartfon satypdyr. “Oppo” kompaniýasy hem satuwyny görnetin ýokarlandyrmagy başarypdyr.Hytaý brendiniň satuwy 60 göterim ýokarlanyp, 37,6 million telefon satypdyr.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, pandemiýadan soňra önümçiligiň artmagy awtoulag we elektron enjam senagatynda çip ýetmezçiligini ýüze çykardy. Dünýä belli awtoulag kompaniýalary önümçiligine bir-iki hepdeligini togtatmaly boldular. Bu meseläniň smartfon önümçiligine täsiriniň dowam etjekdigini bellenilýär. LG kompaniýasynyň smartfon bazaryny terk etmegi “Motorola”, TCL we “Nokia” brendleriniň işine oňyn täsir etjekdigi aýdylýar.

The post Telefon satuwy gyzyşýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy