Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nokia eltelefonlarynyň muşdagy Wens Palau Fernandes olaryň 3615 sanysyny toplap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu ugurdaky öňki rekord Rumyniýadan Andreý Bibli Argentise degişli, ol 3456 sany Nokia kysymly eltelefonlaryny ýygnady.

Wens Palau Fernandes öz gajetlerini Barselonadaky öýünde saklaýar. Ol Nokia telefonlaryny 2008-nji ýylda toplap başlady. 2018-nji ýylda onuň bu markadan 700 telefony bardy. Fernandes öz toplumyny beýleki firmalaryň öndüren eltelefonlary hem-de Nokianyň satuwa çykarmadyk enjamlarynyň nusgalary bilen dolduryp ugrady.

Häzirki wagtda Fernandesiň toplumynda Siemens, NEC, Motorola, Blackberry, Samsung, HTC, Apple ýaly köp kompaniýalaryň eltelefonlary bar. Olaryň arasynda seýrek we tanyşdyrylyş nusgalar hem bar.

Fernandes öz kolleksiýasyny doldurmagy dowam etmekçi. Ol öz toplan eltelefonlaryny muzeý diýip atlandyrýar, sebäbi Nokia telefonlaryň 1 müňden gowrak nusgasyny öndürdi, onda bu kompaniýanyň önümleriniň 700 töweregi bar.

Bu barada vfokuse.mail.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
Nokia aprel aýynda täze smartfonlaryny hödürlär
Telefon satuwy gyzyşýar
6G internet ulgamy boýunça bäsleşik gyzyşýar
Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi