Nokia 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy

Nokia 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy

Nokia brendi astynda elektronika önümlerini öndürmäge ygtyýarly HMD Global kompaniýasy meşhur düwmeli Nokia 3210 el telefonynyň önümçiligine täzeden başlamakçydygyny habar berdi. Bu barada GSMArena neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Nokia 3210 asyl nusgadaky el telefony 1999-njy ýylda öndürildi. Ol içki antennaly ilkinji köpçülikleýin ykjam telefon boldy.

Täze Nokia 3210 (2024) enjamynyň asyl nusga meňzemeýändigi belli boldy. Ol retro-nusga bilen häzirki zaman dizaýnyny özünde jemleýär. Şol bir wagtda onda nusgawy Ýylanjyk oýny hem bolar.

Ýene degişli makalalar

Halkara mobil kongresi
Nokia-nyň täze planşeti
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi
Nokia zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy
Ekologiýa taýdan arassa telefon
“Nokia” bir ýyldan bäri girdejili gazanýar