Türkmen ýokary okuw mekdepleri Lomonosow 2026 halkara maslahatyň geçirilmegine gatnaşdylar

Türkmen ýokary okuw mekdepleri Lomonosow  2026 halkara maslahatyň geçirilmegine gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan Lomonosow 2026 at bilen talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXIII halkara ylmy maslahatynyň dört bölümçesiniň guramaçylykly geçirilmegi üçin meýdança bolup çykyş etdiler.

Giň gerimli forumyň işleri 10 24-nji aprel aralygynda RF-niň sebitleýin meýdançalarynda, M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda, şeýle hem Türkmenistandaky halkara meýdançada 44 bölümçe boýunça geçirilýär. 11-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda halkara maslahatyň çäklerinde bölümçeleriň üçüsiniň: Daşary ýurt dilleri we sebitleri öwreniş, Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti hem-de Filologiýa bölümçeleriniň işi üstünlikli guraldy. Şeýle hem şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Himiýa ugry boýunça forumyň ýene-de bir bölümçesiniň geçirilen ýerine öwrüldi. Çärä Türkmenistanyň talyplary, magistrantlary, aspirantlary we ýaş alymlary gatnaşyp, öz ylmy işleri bilen çykyş etdiler, innowasion barlaglarynyň netijelerini, ylmy gazananlaryny hem-de amaly tekliplerini beýan etdiler.

Hususan-da, D.Azady adyndaky TMDDI-de geçirilen forumyň meýdançasynda bilimiň sanly ulgama geçmeginiň şertlerinde hünäri dil ugry bolan talyplarda leksiki başarnyklarynyň kemala gelmegi, tehniki ýokary okuw mekdepde daşary ýurt dilleriniň intensiw-modul okadylyşy, maşyn terjimesi ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda medeni mediator hökmünde terjimeçiniň orny (NMT), rus-türkmen terjimeçisiniň sanly ulgama geçmegi, kognitiw we tehnologik ugurlar, internetiň we sosial torlaryň rus diliniň ösüşine täsiri, lingwistika we emeli aň ýaly wajyp temalar we beýlekiler beýan edildi.

Magtymguly adyndaky TDU-da Himiýa bölümçesiniň işinde senagat galyndylaryndan gidrofob materiallarynyň alynyşy, ekologiýa taýdan arassa organiki mineral dökünleri almak üçin ýerli çig malyň ulanylyşy, tehnogen galyndylaryndan gurluşyk hekini we ammoniý sulfatyny almagyň innowasion usuly, tuarkir käniniň kömrüniň külüni peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek diýen temalar we beýlekiler boýunça ýaş alymlaryň ylmy çykyşlary beýan edildi.

Ylmy forumyň bölümçeleriniň, şeýle hem onuň maksatnamasyna girizilen tegelek stoluň başyndaky duşuşyklarda olara gatnaşyjylar pikir alyşmak, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ylmy tejribelerini baýlaşdyrmak üçin mümkinçilik aldylar. Çäräniň geçirilmegiň ylmy we döredijilik mümkinçiligini ösdürmek, ýaş alymlaryň halkara derejesinde gazananlaryny wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ylmy hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara gatnaşyklaryň şeýle görnüşi biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçen ýyl, haçan-da D.Azady adyndaky TMDDI-de Lomonosow halkara maslahatynyň iki bölümçesi geçirilende amala aşyryldy. Şu ýyl Aşgabatda M.W.

Lomonosow adyndaky MDU-nyň forumynyň halkara meýdançasy giňeldildi.Bu bolsa akademiki hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen rus uniwersitetiniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Her ýylky Lomonosow maslahaty talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, olary häzirkizaman ylmynyň wajyp wezipelerini çözmäge çekmek, bitewi halkara ylym-bilim giňişligini saklamak we ösdürmek, geljekki kärdeşleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI LOMONOSOW 2026 HALKARA MASLAHATYŇ GEÇIRILMEGINE GATNAŞDYLAR
Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň XV gurultaýyna gatnaşdy
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işleri başlanýar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi 5 gün dowam eder we beýleki habarlar
Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi