Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar

Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar

Iki sagat mundan öň Russiýanyň maglumat serişdeleri “ käbir KHS-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýärler. Emma, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar” diýen maglumaty çap etmäge başladylar.

Bu maglumaty ilkinji bolup, RiaNowosti habar berdi we onuň redaktory Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bilen habarlaşanda, diplomatiýa edarasy habary ýalana çykarypdyr.

“Käbir KHS-niň hamana, prezident Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy baradaky habarlary asla dogry däl we hakykatlara laýyk gelmeýär” diýip Moskwadaky türkmen ilçihanasyndan aýdypdyrlar.

RIA-niň bellemegine görä, “ýakynda käbir KHS Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berdiler”.

Emma, ol hiç bir çeşmä salgylanmaýar ýa-da onuň adyny agzamaýar.

Ilçihanadan “golaýda prezident Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirendigi ýatladylýar” we golaýda geçen dabaralar baradaky maglumatlary turkmenistan.gov.tm saýtyndan gözlemek maslahat berilýär.

RIA-niň habaryny Russiýanyň iri KHS-de ýaýratdy”: Habary “Westi.ry”, “Gazeta.ry”, “Life”, “Komsomolskaýa prawda”, soňra gazak KHS-ri şol sanda, Tengrinews hem berdiler.

Bularyň hiç birisi Berdimuhamedowyň koma girendigi baradaky myş-myşlaryň ilkinji çeşmesi barada maglumat bermediler.

Bellesek, Berdimuhamedowyň koma girendigi barada ilkinji myş-myş “ÝuTube” kanalynda türkmen oppozisiya bloggerleriniň biri Muhammet Düýeji tarapyndan ýaýradyldy.

Şol wideoýazgy mundan 13 sagat owal Aşgabat wagty bilen daňdan sagat 6 töweregi ýaýradylypdy.

Soňky gezek Berdimuhamedow golaýda garaşsyzlygyň 30 ýyllygy baýramçylygyna taýýýarlyklar bilen bagly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirende telewideniýe kamerasynyň öňünde görünipdi.

The post Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Plasido Domingo Dimaş Kudaýbergene bilelikde aýdym aýtmagy teklip etdi
Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky orny Turkmenportalyň awgust seljermesi
Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder
Happy Childhood
Indoneziýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artýar