Türkmen zyýaratçylary haja gitdiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede hajparzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynawe paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen birhatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçinMekgede hem-de Medinede bolarlar.

Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji iýunynda 2022-nji ýylyň 2 22-nji iýulyaralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek baradakyresminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag wekommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygynaeltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY HAJ PARZYNY BERJAÝ EDERLER
Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar