Türkmenabadyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary täze oýun goýdy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Watan jandan ileri atly oýny sahnalaşdyrdy. Döredijilik topary göwrümli çeper konsepsiýaly sahna eserini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlady.

Dramaturg D. Agalyýewiň pýesasy esasynda oýny belli teatr režisýory Perhat Hudaýberenow goýdy. Oýunda watanperwerlik we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary temasy utgaşdyrylýar. Onda esasy keşpleri Türkmenistanyň halk artisti A. Suhanowa we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi D. Hojanazarow döredipdirler.

Ýene degişli makalalar

Söýgä jüp söýgi meniň jogabym
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Türkmenistana söýgi bilen: Aşgabatda Konstantin Bataşowyň, Igor Pinhasowyň we Merdan Bäşimowyň eserleri çalyndy
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar
Dilşat Meläýewa: sahna sungatynda adygan artist