A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar

Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa heniz mekdepde okaýan döwri boýdaşlarynyň köpüsi ýaly kino ýyldyzy bolmagyň arzuwyndady. Arzuwyna tarap ýoly ol Aşgabadyň Ýaş tomaşaçylar teatrynyň ýanyndaky mekdep-studiýada okuwdan başlady, ol ýerde tanymal teatr režisýory Renat Ismailowdan sapak aldy.

Mekdebi tamamlap, Olga Moskwa gitdi, birbada okuw jaýlarynyň üçüsine: Şşepkin we Şşukin adyndaky uçilişşelere we DTSI-na resminamalaryny tabşyrýar, ýöne olaryň birine-de girip bilmeýär.Onsoň ol mekdep-studiýa gaýdyp gelýär. Şondan bir ýyl geçensoň Daşkendiň A.

N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynda aktýorlyk bölümine okuwçy alynýar.Studiýada okanlaryň üçüsi, şol sanda Olga-da bagtyny synap görmekçi bolýar.Olaryň üçüsem okuwa girýär.

1987-nji ýylda meni A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teartyna işe aldylar diýip Olga Wladimirowna gürrüň berýär.Edil şol döwürler Henrik Ibseniň Arwah pýesasy taýýarlanyp ýördi.

Reginanyň keşbini repetisiýa edip ýören aktrisa duýdansyz syrkawlaýdy.Premýera bary-ýogy iki gün galypdy, ony ýatyrmajak bolup, derrew meni şu rola girizmeli diýen netijä gelindi. Ýaşlyga mahsus hyjuw bilen işe girişdim, şol döwür şeýle kyn meseleden çekinmändirinem.

Oýun goýujy režisýor Georgiý Nesteriň we halypa artistler Larisa Kazakowa bilen Wladimir Krasnopolskiniň goldawy kän kömek etdi.

Arwah spektakly tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy, Olgany bolsa aktýorlar maşgalasyna mähirli kabul etdiler...

Beýleki islendik teatr ýaly Puşkin adyndaky teatryň hem döredijiliginiň uzak ýyllarynda galkynan wagtam, kynçylykly döwrem boldy.Aktrisa Wolkowanyň işe başlan döwri teatryň üstünliklere beslenen wagtyyna gabat geldi.Teatryň öz režisýorlarynyň üçüsi, şeýle hem Russiýanyň esasy teatrlaryndan Aşgabada iberilýän režisýorlar spektakl goýardylar.

Irden çagalar, agşam ulular üçin spektakllar görkezilerdi, munuň üstesine dartgynly repetisiýalaram goşuň...Olar döredijilik bilen ýaşardylar, sahnada gözlegler we özboluşly idegýlar öz beýanyny tapýardy.

Iki müňünji ýyllaryň başynda dürli sebäplere görä, aktýorlaram, režisýorlaram azaldy, hepdede üç gezek spektakl görkezilýärdi. Şeýle bolsa-da,Wladimir Berşanskiý, Wioletta Ismailowa, Natalýa Laukert, Swetlana Troiskaýa, Anatoliý Spiridonow, Mihail Rogow, Larisa Kosonogowa... ýaly döredijilik toparynyň esasy bölegi saklanyp galypdy.

Bir gezek teatryň direktory Serdar Nepesow Olga Wolkowa Lýudmila Razumowskaýanyň Fransuz hyjuwy pýesasyny okamagy teklip etdi.

-Güýçli eser, men-ä oňa Häzirki zamanyň Çehowy -diýýän diýip Olga Wladimirowna pýesany yzyna berende aýtdy.

-Şol eser boýunça spektakl goýsaňyz näme?

-Goýsa bolýarmy? diýip ol bu teklibe begendi.

-Hökmany! diýip direktor jogap berdi.

Natalýa Laukerte-de şeýle teklip aýdyldy, ol hem Aldo Nikolainiň pýesasy boýunça Ömürlik söýgi spektaklyny goýmaga yhlasly girişdi.

Aktýorlaryň köpüsi spektakl goýmagy arzuw edýärler. Režisýorlyk synanşygy Olga Wladimirowna döredijilik ýörelgeleriniň täze gatyny açdy. Ilki Fransuz hyjuwy, soňra Aleksandr Galiniň Sorri, ondan soň Arkadiý Ininiň Edermen, dana we goç ýigit ertekisini ... goýdy.

Häzirki wagta çenli Olga Wolkowa keşpleriň 60-a golaýyny döretdi we 20 spektakl, şol sanda ýurdumyzda ilkinji telekeçil ArtIst teatry üçinen oýun goýdy, ol bu döredijilik topary bilen birnäçe ýyl işleşdi...

Aşyr Rahmanow diňe bir teatryň baş çeper ýolbaşçy bolman, hemişe gözlegleri agtarýan režisýoram. Bar zat kem-kemden ýerbe-ýer bolup ugrady. Teatryň ýanynda mekdep-studiýanyň dikeldilmegi bilen döredijilik toparyna Alina Andronowa, Rişat Kanibetow, Anastasiýa Balandina, Aýna Jumaýewa, Kerim Ataýew, Waleriý Dmitriýew, Andreý Pawlow, Rahym Hommadow, Anna Hommadowa, Wýaçeslaw Lawin we başga-da birnäçe kreatiw pikirlenýän zehinli artistler goşuldy.

Teatr möwsümi Olga Wolkowanyň goýan Fransis Weberiň Geň adamalr atly spektaklynyň premýerasy bilen tamamlandy, häzirki wagtda Olga Wladimirowna Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda aktýorlar bilen Robert Tomyň eseri boýunça Magşuk sekiz zenan spektaklyny sahnalaşdyrýar. Üýtgeşik ýeri bu spektakldaky gahrymanlaryň ählisi zenanlar bolsa, Natalýa Laukertiň taýýarlaýan Puşkiniň liseýde okan döwri barada -- Eziz dostlar, ne ajap biziň dostlugymyz!

spektaklyna diňe erkek aktýorlar gatnaşarlar.

-Sahnada döreden 60 keşbimiň soňkylarynyň biri Natalýa Laukertiň goýan Bäş agşam spektaklyndaky Tamara.Dramaturg Aleksandr Wolodiniň eserindäki wakalaryň geçen asyryň 50-nji ýyllaryna degişlidigine garamazdan, men özüme şu keşp laýyk hasaplaýaryn, eger-de menem durmuşda Tamaranyň düşen ýagdaýyna düşen bolsam, özümem şonuň ýaly herket ederdim.

Bu rol mende Teatryň hyýaly sungat däl-de, meyaforiki, käte bolsa hakyky durmuşyň aýnasy ýaly bir zatdygy barada pikir döretdi.

Teatr sungat hökmünde diňe bir aňyňda hakykylygy döretmän, eýsem ýordumy durmuşyň dartgynly, duýgylara ýugrulan we emosiýalr möwç urýan pursatlaryny görkezýändigi üçin ummasyz manyly sungatdyr.

Özümiň bolsa, teatry her kimiň bir hili söýýändigini, ýöne oňa sahna giňişligi döredijiligiň, ylhamyň we özgermeleriň, durmuş metaforasynyň giňişligi diýip düşünýän diňe çyn ýürekden wepalylar, Döredijiler gulluk edýär diýip onuň üstüni ýetiresim gelýär...

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Möjekler we goýunlar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Möjekler we goýunlar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy
Türkmen oppozisioneri ýurduň geljegi we Putine berlen sorag hakynda
Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar