Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar

Witaliý Wolkow

Deutsche Welle

Türkmenistanyň telewideniýesini hojalyk hasaplaşygyna geçirerler. Indi halk tanslaryny we prezidentiň çykyşlaryny kim alyp görkezer?

Türkmenistanyň döwlet telekanllaryny döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek, 2018-nji ýyldan başlap, gelýän dört ýyl içinde bes ediler. Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň 10-njy iýulda türkmen metbugatyna salgylanyp habar bermegine görä, ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýulda bu baradaky karara gol çekdi. Aýdylmagyna görä, teleradiokanallar reklama, wagyz hyzmatlarynyň we hojalyk hasaplaşygynda alynýan girdejileriň hasabyna işlär.

Döwlet baştutany bu hili karara gelmeginiň sebäbini milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi bilen baglanyşdyrdy. Mundan ozal türkmen lideri ýurduň ilatyna berilýän sosial ýeňillikleriň hem şu sebäp esasynda ýatyrylýandygyny aýdypdy.

Tygşytlamak nobaty TW-ä gelip ýetdi

Has anygy, Türkmenistanda hususy telekanal-da, çap görüşli hususy habar serişdesi-de ýok.Ol ýerde ýedi sany telekanal, dört sany radiokanal bar we olaryň hemmesi döwlete degişli.

Emma muňa garamazdan, alternatiwa bar: ilatyň agalaba köplügi, hususan-da regionlarda ýaşaýanlar rus, türk we beýleki daşary ýurt telekanallarynyň ýeterlik derejedäki uly toplumyna seretmek mümkinçliginden peýdalanaýar. “Häkimiýetler munuň garşysyna ençeme ýyl bäri göreşýär, antennalary goparýar we haýsy kanallary saýlamalydygyny özleri kesgitläp, kabel TW-sini girizýär.

Ikinji tarapdan, kabel TW ilatyň hemra antennalary arkaly tomaşa edýän kanallaryndan, elbetde, syýasy taýdan kabul ederliksiz radiokanallary hasaba almasaň, o diýen kän tapawutlanmaýar” diýip, AHTI-niň başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar.

Onuň pikiriçe, ýeňillikler babatynda bolşy ýaly, TW-niň býujetden maliýeleşdirilmegini bes edilmegi gaznada serişdäniň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen bagly. “Eýýäm soňky birnäçe ýylda, energiýa serşdeleriniň bahasy aşak gaýdaly bäri, häkimiýetler ähli zatda her edip, hesip edip, pul tygşytlamaga çalyşýarlar.

Häzir nobat TW-ä gelip ýetdi” diýip, DW-niň söhbetdeşi aýtdy. Şol bir wagtda ol TW-niň režimiň daýanýan döwlet propagandasynyň organy bolup durýandygyny hem nygtady.

Reklama çykdajylary biznesmenleriň üstüne ýüklenermi?

“Şu sebäpden, meniň çakymça bir-iki telekanaly maliýeleşdirmek üçin alyp galarlar, beýlekileri bolsa gysgaldarlar.Prezident bu hakyky bazar ykdysadyýetine geçilmegi üçin edilýär diýen-de bolsa, telekanallar hususy eýelere berilmez, ýogsa bazar hut şeýle bolmagyny aňladýar” diýip, ol sözüni dowam etdirdi. Şonda potensial reklama berijilerde TW-däki reklama üçin kime näçe tölemelidigi barada bir seçgi, saýlap almak mümkinçiligi dörerdi. “Döwlet kanallaryndaky reklamanyň bahasy bolsa, ýokardan kesgitlener.

TW üçin serişde toplamagyň başga bir usuly, reklamadan başga, türkmen biznesmenlerini reklama wagtyny satyn alamaga zor bilen boprçly etmekden ybarat bolar. Ýagny döwlet öz çykdajyharajatlaryny telekeçileriň üstüne atar” diýip, Farid Tuhbatullin özüçe netije çykarýar.

Russiýaly syýasy synçy Arkadiý Dubnow bu pikir bilen belli derejede ylalaşýar. Onuň sözlerine görä, bazar ykdysadyýeti, Gurbanguly Berdimuhamedowyň düşünişiçe, döwlet gaznasyna alternatiw bolan bir gapjykdan başga zat däl. Özlerine pul gazanmak üçin döwlet mümkinçiliklerinden peýdalanýan adamlar we gurluşlar topary, talap edilende, ol puly bölüşmeli bolarlar.

Şol bir wagtda Dubnow TW-ä edilýän çykdajylaryň tygşytlanmagynyň türkmen býujetiniň gowuzlaryny doldurmaga kömek etjegine ynanamýar, bu TW-niň programmalary ýöntem, olar esasan halk tans we aýdym ansambllarynyň çykyşlaryndan hem-de ýurduň birinji adamsynyň sözleýän sözlerinden ybarat. Ýogsam bolmasa ilatyň öz TW-sine, häzirki zaman trendlerine düýpden gabat gelmeýän telekanallara gyzyklanmasy pes we häkimiýetleriň onuň gepleşiklerini näme öwürjegini göz öňüne getirmek kyn.

Türkmen tomaşaçylary Berdimuhamedowyň ýüz keşbini unudarmy?

“Bu mümkin däl, sebäbi prezidenti hemişe TW-de görkezip durmasalar, türkmen tomaşaçylary ony ýüzünden tanamalaryny bes ederler.Tersine, döwlet maliýeleşdirilmesiniň hususy maliýeleşdirilme bilen çalşyrylmagy bu TW-niň mundan hem beter ýöntemleşdirilemgine, türkmen durmuşynyň bolsa mundan aňryk hem gadymylaşdyrylmagyna alyp geler” diýip, rus synçysy aýdýar.

Medalyň beýleki tarapy, onuň sözlerine görä, şundan ybarat häzirki döwlet baştutanynyň we Saparmyrat Nyýazow döwründe döredilen tutuş elitanyň düşünjesine görä, “kino-da, TW hem, başga bir sungat-da iň wajyp zat däl, medeniýetiň bolsa ýeke-täk wezipesi häkimiýetleri we onuň ýeten sepgitlerini wasp etmekden ybarat.”

Farid Tuhbatullin, öz gezeginde, maliýeleşdirilmegiň kemeldilip başlanmagynyň 2018-nji ýyldan başlanyp, dört ýyla çekilmegine ünsi çekýär. “Men eger-de bu programma ýerine ýetirilmese ýa-da has uzaga çekse, geň galmaryn” diýip, ol aýdýar. Başga tarapdan, türkmen býujetine girýän girdejiler, bu ugurda jemgyýetçilige statistiki maglumatlar berilmeýän hem bolsa, kemelmegini dowam eder öýdüýärin diýip, AHTI-niň başlygy aýdýar.

“Türkmenistan birnäçe ýyl mundan öň öz hemra aragatnaşygyny uçurdy. Prezident baryp şol wagt, özüni ödemegi we girdeji getirmegi üçin, bu hemranyň boş bölegini kärendesine bermegi talap etdi. Bu girdejileri döwlet TW-sine geçirmek mantykly bolardy. Emma görnüşinden, hemra hem umyt edilen girdejileri getimeýär” diýip, DW-niň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, hususy reklamadan gelýän girdejiler Tele-radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine býjetden goýberilýän serişdeleriň öwezini doldurar diýip umyt etmek ýöntemlik bolar. Munuň üçin, hukuk goraýjynyň pikiriçe, bazaryň kadaly işlemegi gerek we telekeçiler reklama ýerleşdirmek üçin hakykatdan hem gyzyklýan bolmaly.

Prezidente ýaranmak üçin bäsleşik we tehnologiki medeniýet

Türkmenistanda buýjet pullaryny hususy pullar bilen çalşyrmagyň, mysal üçin, Gazagystanda ulanylýan usulyndan başga shemasy işlemese gerek. Aýdaly, Gazagystanda dürli biznesmenler,Aziada bolsun ýa “Ekspo” ýa başga, ol ýa-da beýleki iri we abraýly proýektleriň maliýleşdirilmegine gatnaşyp, ýurduň birinji adamsynyň gözüne iljek, abraý aljak we muny öz bäsdeşlerine garşylykda pozisiýalaryny berkitmek üçin ulanjak bolup göreşýärler.

Türkmenistanda hiç bir bäsleşik ýok, hatda şeýle spesifiki formadaky konkurensiýa hem ýok diýip, Arkadiý Dubnow tassyklaýar. “Munuň üçin ýurtda ýeterlik derejede garaşsyz, öz bähbitleri bolan maliýe-senagat toparlanyşyklary we klanlar bolmaly hem-de olara öz bähbitlerine wekilçilik etmäge ygtyýar berilmeli. Türkmenistanda beýle bir zady göz öňüne getirmek hem mümkin däl” diýip, ol aýdýar.

“Mundanam başga, ol ýerde TW-niň ösmegi üçin zerur bolan tehnologiýa medeniýeti ýok.Hemme zat ýöntem bolar şu günki TW-önümini öndürýän şol bir kadrlar ýörite döredilen we prezidentiň buýrugy esasynda TW-niň “gara gapyrjagyna” pul tölemäge borçly edilen hususy gurluşlardan pul alarlar.

TW-niň tehnologiki we medeni wezipe-borçlaryna häzirki zaman döwletlerine mahsus bolan başgaça garaýyşlar bu ýerde peýda bolmaz” diýip, synçy ynanýar.

Farid Tuhbatullin teleradio kanallary maliýeleşdirmegi üýtgetmegiň mümkin bolan başga bir ýoluny tölegli TW-niň girizilmeginde görýär. “Türkmenistanda ilatdan pul almak kararyna gelinmek ähtimallygyny hem aradan aýyrmaly däl, munuň hasabyna telewideniýe bilen radio çykarylýan býujet harajatlarynyň azaldylmagyny öwezini dolup bolar” diýip, Wenadaky hukuk goraýjy guramanyň başlygy çak edýär.

Çeşme: Deutsche Welle

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
A.Dubnow: “Moskwa Türkmenistan üçin ynamdar ýarandygyny görkezmäge çalyşýar”
Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler
Žurnalistler Gazagystantň täze prezidentini Türkmenistana iberdiler
Türkmenistanda kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän emeli hemra TW kanallary petiklendi
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar