Žurnalistler Gazagystantň täze prezidentini Türkmenistana iberdiler

Orsýetiň goşun telekanalynyň Звезда atly saýtynda Gazagystanyň täze prezidenti Kasym-Žomart Tokaewiň Türkmenistana gelendigi habar berilýär. Žurnalistler ýalňyşyp, Türkmenistan bilen Gazagystanyň Türküstan şäheriniň ýerini çalyşdylar.

Bu ýalňyşlyga merkezi aziýa ýurtlary boýunça bilermen Arkadiý Dubnow öz feýsbuk beýanatlarynyň birinde ünsi çeki.

“Orsýetiň baş ştabynyň kartalarynda gadymy Türküstan şindem Gazagystanyň, Orsýet bilen ýaran döwletiň oblast merkezleriniň biri bolup galýandyr diýip umyt etmek galýar, ýogsa bu aýylganç ýalňyşlygyň arkasyndan nähildir bir zoňtar operatiw planlar çyksa bildiňmi, bu ýene “Woroneži bombala” hakynda” diýip, žurnalist ýaňzylaýar.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar
Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
A.Dubnow: “Moskwa Türkmenistan üçin ynamdar ýarandygyny görkezmäge çalyşýar”
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Teatra örkli ömür