A.Dubnow: “Moskwa Türkmenistan üçin ynamdar ýarandygyny görkezmäge çalyşýar”

Soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar göz-görtele aktiwleşdi. 2016-njy ýylyň noýabryndan bäri döwlet baştutanlary üç gezek baş-başa duşuşdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin iki gezek Soçä uçup geldi.

Mundanam başga, golaýda Putin köp ýyldan soň birinji gezek Türkmenistana sapara bardy.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda haýsy temalardan gürrüň edilendigi barada iki döwletiň resmi metbugat gulluklary habar bermediler. Duşuşyklaryň netijeleri barada berlen habarlarda diňe çak edilýän hyzmatdaşlyk pudaklarynyň umumy ugurlary barada aýtmak bilen çäklenildi.

Şu aralykda 3-nji noýabrda, “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2017” atly halkara konferensiýada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew birdenkä, Türkmenistanyň Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlaryna Russiýanyň üstünden gaz akdyryp biljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Wladimir Putiniň 3-nji noýabrda Eýrana eden saparynyň netijeleri boýunça, “Gazpromyň” we Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň Eýrandan Pakistanyň üsti bilen Hindistana gaz ibermek barada geçiriji gurmak taslamasynyň tehniki-ykdysady taýýarlygyna girişýändigi yglan edildi.

Bu geçiriji Türkmenistanyň gurmakçy bolýan TOPH proýektiniň konkurenti bolup durýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” prezident Berdimuhamedow Moskwadan näme almaga çalyşýar diýen sorag bilen tanymal žurnalist, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Arkadiý Dubnowa ýüz tutdy.

Arkadiý Dubnow

— Men bu soragy biraz başgaça goýardym, has dogrusy tersine, Putin Berdimuhamedowdan näme almak isleýär?

Hakykatdanam, Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda iň ýokary derejelerdäki dialog gňrnetin ýygjamlaşdy. Bu tötänlik däl, sebäbi Moskwada Aşgabat bilen gatnaşyklarda biraz başgaça modus vivendini (hyzmatdaşlyk çemeleşmesini) saýlap aldylar.

Mende gatnaşyklaryň ýygjamlaşmasyna Moskwanyň Türkmenistanyň günorta serhetlerindäki howpsuzlyk meseleleri babatda ynjalyksyzlanmagy sebäp bolandyr diýip hasaplamaga esas bar.Mundanam başga, Moskwa entegem, ozalkylary ýaly, Türkmenistany öz gaz proýektlerinde günbatar bilen hyzmatdaşlyk etmekden daşlaşdyrmak isleýär. Şu sebäpden ol Türkmenistanyň gazyny eksport etmeginiň has optimal, birinjiden, az çykdajyly ugruny saýlap almagynda, ikinjiden, oňa günbatar gurluşlarynyň, soňky ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny tankytlaýan parlament we jemgyýetçilik guramalarynyň güýçli syýasy basyşyndan sowulmagynda kömek etmek tagallasyny edýär.

Türkmenistan “Olary diri görkeziň” atly halkara hukuk kampaniýasy tarapyndan gazaply basyşa sezewar bolýar. Ýatladýaryn, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda ylalaşygyna hut şu sebäpden henizem gol çekilmän gelýär.

Şunuň bilen baglylykda Moskwa örän ýeserlik bilen Berdimuhamedowy Moskwanyň Türkmenistana çylşyrymly ykdysady ýagdaýdan çykmaga kömekleşmekden başga hiç bir zat islemeýändigini, munuň ýerine hiç bir zat talap etmeýändigini ynandyrmak isleýär. Şeýlelikde, dostlukly gatnaşyk duýgusyny döredip, Owganystan bilen serhetdäki howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga, aňtaw maglumatlaryny bermäge taýýarlygy bilen, Moskwa ynamdar, hoşniýetli, taryhy ýaranlyk duýgusyny döredýär.

Ykdysady kömek barada aýdylanda, Moskwa bar bolan gaz geçirijini ulanmagy teklip edýär. “Gazprom” öz wagtynda bu geçirijiden türkmen gazyny alypdy.Emma, ol geçiriji indi köp ýyldan bäri “gury” ýagdaýda ýatyr.

Görnüşinden, rus tarapy türkmen gazynyň bu geçirijiden Ýewropa ýa Ukraina akdyrylmagynda “Gazprom” üçin hiç bir howp-hatar ýok diýen pikirden ugur alýar. Ýewropada sarp edişiň dürli gurluşlary bar, olar hiç bir jähtden çapraz gelmeýär we öz müşderilerini alyp, “Gazproma” zyýan ýetirmeýär.

Megerem, şeýle analiz geçirip, Moskwada bu bir tarapdan türkmen gaznasyna maliýe goldawyny bermegiň örän netijeli usuly diýen netijä geldiler, ikinji tarapdan, Aşgabada hoşniýetli goňşy bolup durýandyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, Moskwa Türkmenistany özüne tarap “çekmek” isleýär we meniň pikirimçe, bu örän sowatlylyk bilen edilýär.

Ruslan Tuhbatullin

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar
Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
Žurnalistler Gazagystantň täze prezidentini Türkmenistana iberdiler
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Teatra örkli ömür