Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler

Bilermen Aşgabatda geçirilen sammitiň netijeleri hakda: Täjigistan türkmen gazyna bil baglap biler

Türkmenistan öz goňşulary Täjigistana we Özbegistana gaz pudagynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy teklip edýär. Bu barada 4-nji awgustda, Aşgabatda üç Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygynyň yzýany agşamlyk geçirilen brifingde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri, premýer-ministriň orunbasary Reşit Meredow aýtdy.

Türkmenistan ägirt uly tebigy gaz baýlyklaryna eýelik edýär.Gaz eksportynyň diwersifikasiýasy, şunuň bilen bir wagtda, öndürijiniň, ony tranzit edýän ýurduň we energiýany ulanyjylaryň bähbitleriniň balansyny saklamak, biziň üçin halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgeler bolup durýar.

Hut şu maksat bilen türkmen tarapy şu günki günde, Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan arasynda, gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegini göz öňünde tutmagy teklip etdi diýip, ol aýtdy.

Üç taraplaýyn geçirilen duşuşyga üç ýurduň liderleri Emomali Rahmon, Şawkat Mirziýoýew we Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.Täjigistanyň prezidentiniň web-saýtynda habar berlişine görä, ol duşuşykda Emomali Rahmon: "Täjigistan özüniň gidroenergiýa serişdelerini nazara almak bilen geljekde "ýaşyl energiýanyň" önümçiligini has-da ösdürmegi maksat edinýär, bu ugurda sebitiň ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýipdir. Şeýle hem ol ulag-gatnaw pudagynda üç ýurduň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga çagyryş edýär we "Täjigistan Respublikasynyň territoriýasynda, halkara ähmiýete eýe bolan Gündogardan Günbatara we Demirgazykdan Günorta çenli ileri tutulýan söwda hem-de tranzit koridorlarynyň emele getirilmegini" öňe sürýär.

Bu goňşy döwletleriň prezidentleriniň ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygydyr, üç respublika hem Owganystan bilen serhetleşýär, ol ýerde "Talyban" 2021-nji ýylyň tomsunda häkimiýeti ele geçiripdi. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Moskwada ýaşaýan Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Arkadiý Dubnow bilen habarlaşyp, ondan sammitiň iň wajyp ugurlaryny aýdyňlaşdyrmagy haýyş etdi.

Arkadiý Dubnow: Bu duşuşyk nähili bolaýanda-da, ünsi özüne çekiji, çünki ol Türkmenistanyň sebitara hyzmatdaşlyga, goňşy ýurtlar bilen käbir umumy düzümleri döretmäge taýýardygyny görkezýär.Aşgabat Täjigistan we Özbegistan arasynda gaz pudagyny artdyrmaga taýýardygyny yglan etdi, oňa şertli ýagdaýda "konsorsium" diýip bolar, ýöne bir fakty göz öňünde tutmaly, Türkmenistan ilkinji nobatda, Hytaýa gaz akdyrýan Russiýa ýaly ýurtlar bilen sebitleýin gaz eksporty bäsdeşligine girişýär.

Türkmenistan köp mukdardaky gazy Hytaýa we şol bir wagtyň özünde hem goňşy ýurtlara akdyrmak üçin, öz mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýar.

Şu ýyl Özbegistanda gazyň sarp edilişi bilen bagly krizisiň bolandygyny bilýäris, Moskwa hem öz gaz konsorsiumyny döretmegi teklip etdi, emma Daşkent gazy diňe söwda esasda satyn aljakdygyny, esasan-da, ilkinji nobatda Türkmenistandan aljakdygyny aýtdy. Şu duşuşykdan soň, şeýle kynçylyklary çözmäge hakykat bar ýaly görünýär.

Şu wagta çenli anyk hiç zat edilmese-de, ýöne ylalaşyk bar, Täjigistan alýan türkmen gazynyň möçberini infrastruktura arkaly artdyryp biler, owaly bilen onuň gurluşygyny tamamlamak gerek bolar. Täjigistanda üstaşyr ulag-gatnaw düzümleri döredilýär, bu bolsa sebitiň ilaty üçin, elbetde, hyzmatdaşlygyň energiýa serişdelerini artdyrmak babatda hem örän peýdaly boljakdygyny aňladýar.

Üns bermeli möhüm tarapy, şertnamalar hiç bir babatdan, birleşmäniň haýsydyr bir syýasy resmileşdirilmegi ýaly bolup görünmeýär. Şu ýylyň ikinji ýarymynda üç ýurduň energetika ministrleriniň duşuşygynda taýýarlanjak resminamalarda, geljekde diňe söwda-ykdysady gatnaşyklar nazarda tutular.

Şeýle-de, munuň Owganystan bilen serhetleşýän üç ýurduň baştutanlarynyň duşuşygy bolandygyny hem belläp geçmeli.Emma gutarnykly beýanatda Owganystan barada hiç zat aýdylmaýar.Göýä olar Owganystan meselesi bilen gyzyklanmaýan ýaly görünýär.

Gytaklaýyn görnüşde, Owganystan temasy bolup biler, ýöne şu günki wagtda Owganystan bilen üç ýurduň gatnaşyklarynyň düýbünden dürli modellere eýe bolýandygyny bellemek gerek. "Talybanyň" häzirki ýöredýän režimine, meniň pikirimçe, bu meselede ylalaşyk tapmak kyn bolar, olarda Owganystan babatda umumy tutuma ýetmek islegi beýle bir ýok.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy: Bu duşuşyga ýa-da mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň ýagdaýyndan garap bolarmy? Muňa öz ykdysadyýetini ösdürmegiň alternatiw ýollaryny gözlemek islegi hökmünde garap bolýarmy ýa-da hiç hili baglanyşygy ýokmy?

Arkadiý Dubnow: Eger isleseňiz Ukrainanyň töweregindäki ýagdaýyň, Orsýetiň ol ýerdäki harby hereketleriniň arasynda, şeýle hem öz sebitlerinde post-sowet döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artmagynda, islendik baglanyşygy tapyp bilersiňiz.Takyk şu baglanyşygy-da tapyp bolýar: bu günki gün ol ýurtlar bu meseleleri Moskwany nazara almazdan çözüp bilýärler, häzir onuň uruş bilen baglanyşykly gaýra goýulmasyz meseleler bilen meşgullanýan wagty Moskwa bu döwletleriň garaşsyzlygyny çäklendirmäge eli ýetmeýär.

Olar gazyň esasy alyjysynyň Hytaýdygyna düşünýärler.Moskwany biynjalyk edip biljek ýekeje zat, Türkmenistan Russiýanyň Hytaýa gaz eksportynyň möçberine täsir edip biler.Aşgabat bolsa gaz önümçiligini 1,5-2 esse diýen ýaly giňeltmek boýunça örän çynlakaý meýilnamalara eýedir.

Sebitiň geosyýasy çäkleri barada ýene bir zady bellemeli; bu üç taraplaýyn duşuşyk Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze formatynyň meýilnamasyny düzýär. Bu bäşligiň ýolbaşçylary sentýabr aýynda Duşanbede duşuşarlar, duşuşyk halkara syýasatynyň çäginde, olaryň özbaşdak subýekt hökmündäki ähmiýetini agraldar hem-de özleri üçin bähbide tarap hereket ederler.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy: Biz Duşanbe bilen Aşgabadyň arasynda nähili kyn gatnaşyklaryň bolandygyny bilýäris, käbir gizlin dawalary, şol sanda diplomatiki dartgynlyklar boldy, indi bolsa biz täze gatnaşyklaryň şaýady bolýarys. Siz hem muňa üns berdiňizmi? Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Arkadiý Dubnow: Sebitleriň ýurtlary, Täjigistan bilen Türkmenistan, Täjigistan bilen Özbegistan Kerimowyň aradan çykmagy we Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden soň, hyzmatdaşlyk öz dinamikasyny we çuňlugyny çalt artdyrdy.Nähili-de bolsa, Özbegistan regionda uly orun eýeleýär.

Kerimowyň goňşy döwletler bilen şahsy derejede juda dostlukly bolmadyk syýasaty gatnaşyklaryň oňaýly bolmak derejesine öz täsirini ýetirdi.Mirziýoýewiň gelmegi bilen, bilşiňiz ýaly, konsensiýa üýtgedi, häzirki wagtda Özbegistan üçin, öz goňşulary bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur boldy.

Duşanbe bilen Daşkendiň arasyndaky gatnaşyklar Duşanbe bilen Aşgabat arasyndaky gatnaşyklara garanda, düýpli gowulaşdy. Ýöne bu ýurduň häkimiýet başyna täze ýolbaşçy geldi, onuň öz garaýşy bar we şoňa laýyk derejede oňa goňşulary bilen gatnaşyklarda has ugurtapyjylyk görkezmäge mümkinçilik berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň ýüz keşbini nädip unutman saklanmaly? Türkmen TW-si reformalara barýar
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
A.Dubnow: “Moskwa Türkmenistan üçin ynamdar ýarandygyny görkezmäge çalyşýar”
Žurnalistler Gazagystantň täze prezidentini Türkmenistana iberdiler
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Teatra örkli ömür