Türkmenabatda döwlet awtobuslarynyň gatnawy göz-görtele azaldy

Türkmenabatda döwlet awtobuslarynyň gatnawy göz-görtele azaldy

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda döwlete degişli köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawy göz-görtele azaldy. Bu şäher ýaşaýjylarynyň transport gatnawynda bökdençlikleri döretdi. Bu barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy şäher ilatynyň dadyna hususy awtobuslaryň we minibuslaryň ýetişýändigini aýdýar.

"Şu günler irden sagat 7-8 aralygynda şäheriň her bir awtobus duralgasynda 30-40 töweregi adamyň awtobusa ýa-da minibuslara garaşyp durandygyny görse bolýar. Döwlete degişli awtobuslar tas ýok diýen ýaly" diýip, habarçysy belledi.

Ýerli häkimiýetler şäheriň köçelerinde döwlete degişli awtobuslaryň hereketiniň azalmagynyň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi bilen telefon arkaly habarlaşyp, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne birleşigiň web sahypasynda berlen maglumata görä, şäher içinde "Paz-32054" kysymly awtobuslaryň 96 sanysy, "Iran Hodro" kysymly awtobuslaryň 52-si, "Hyundai New Aero City" awtobuslaryň hem 55-si raýatlara hyzmat edýär.

Ýagdaýdan habarly çeşmämiz şäheriň köçelerine günde 80-90 töweregi awtobusyň çykýandygyny belläp, bu sanlaryň hakykaty şöhlelendirmeýändigini aýdýar.

Şeýle-de, ol döwlet awtobuslarynyň ýetmezçilik edýän wagtynda, şu günler şäher ilatynyň dadyna täjirçilik maksatly hususy awtobuslaryň we minibuslaryň ýetişýändigini belleýär.

"Bir sagadyň dowamynda duralga 10 çemesi hususy awtobus ýa-da minibus gelse, şol döwürde diňe bir ýa-da iki sany döwlete degişli awtobus gelýär. Awtobuslaryň we minibuslaryň içi ýolagçylardan doly bolup, adamlar dik aýak üstünde durup gidýärler" diýip, habarçy aýtdy.

"Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi "bellenilen wagt arasynda hereket edýän döwrebap awtobuslarda ýolagçylar üçin ähli ýeňillikleriň döredilendigini" belleýär.

Ýöne habarçymyz şäherde hereket edýän döwlet we hususy awtobuslaryň tas ählisiniň mundan 20 ýyl çemesi ozal öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe satyn alnandygyny we olaryň juda könedigini aýdýar.

"Awtobuslaryň ähli böleklerini çaň basyp, olaryň içleri juda hapa. Olaryň içinde solýarkanyň ysy demikdirip barýar. Olaryň penjirelerinde perde ýok. Bu, jokrama yssyda adamlary has-da köseýär. Awtobus her duralga gelip ýetende, onuň juda köneligi zerarly, dagyrdap başlaýar. Tutuş bedeniň dagyrdaýar. Dagyrdyny kelle beýniňde hem duýýarsyň" diýip, habarçy belledi.

Hökümet maslahatlarynda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi we täze awtobuslaryň, taksileriň satyn alynýandygy ýygy-ýygydan tekrarlanylýar.

Şeýle-de, "Türkmenawtoulaglary" agentligi 2022-nji ýylda özüniň kärhanalarynda öňki ýyl bilen deňeşdirilende ýolagçy dolanyşygynyň 9,5 göterim artandygyny aýdýar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat köpçülikleýin transport serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýetmezçilik uçar we otly biletleriniň gytçylygynda hem ýygy-ýygydan duýulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze awtobuslar awtoparklarda könelýärkä, lebaplylaryň transport kynçylyklary ýitileşýär
Aşgabadyň käbir awtobuslary günde diňe iki gezek gatnaýar
Türkmenistan bilen Eýran tozanly tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmekçi
Eýranly deputat: Tähran-Aşgabat gaz hyzmatdaşlygy Eýrany energiýa merkezine öwrüp biler
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,18% artdy
Nowruz baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär