Nowruz baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Yraklylar baharyň buşlukçysy hökmünde häsýetlendirilýän Nowruz baýramyny Kerkük şäheriniň merkezinde belläp geçdiler.

Her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Kerkük şäheriniň ýaşaýjylary, taryhy Kerkük galasynda we Baba Gürgür seýilgähinde geçirilen çärelere gatnaşdylar.

Dabaralaryň geçirilýän ýerinde giň-gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Kerkük şäheriniň ýaşaýjylary Nowruz baýramyny dostlugyň we doganlygyň baýramy hökmünde häsýetlendirip, baýramyň Kerkük başda bolmak bilen bütin ýurtda parahatçylyga we söýgä eltmegini dileg etdiler.

Yragyň ençeme şäherinde baharyň buşlukçysy hökmünde häsýetlendirilýän Nowruz baýramy mynasybetli köp sanda çäre geçirildi.

Eýranda Hijri-Kamary senenamasyna görä her ýylyň 21-nji martynda Nowruz baýramy bellenilip geçilýär.

Nowruz baýramy mynasybetli ýurduň paýtagty Tähran şäherindäki "Iran Mall" söwda merkezinde çäre geçirildi.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherindäki aýlaw hem Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde, atlar bilen geçirilýän oýunlara ýer eýeçiligini etdi.

Howanyň gowy bolmagyndan peýdalanan müňlerçe adam, gyrgyzlaryň milli gymmatlyklaryny we geçmişini alamatlandyrýan we atlar bilen oýnalýan oýunlara tomaşa etmek üçin aýlawa ýygnandylar.

ABŞ-da Ak Tamda hem Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýdeniň ýer eýeçilik eden dabara, Nowruz baýramyny belläp geçýän ähli ýurtlardan we jemgyýetlerden wekiller gatnaşdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem "Öýüňize hoş geldiňiz" diýip, gatnaşyjylary Nowruz baýramlary bilen gutlady.

Şu ýyly Nowruz baýramynyň kyn bir zamana gabat gelendigini aýdan Jo Baýden, Türkiyede we Siriýada başdan geçirilen ýertitremelerde ejir çeken adamlary hatyralap geçdi.

Jo Baýden Eýrandaky protestleri göz öňünde tutup, Eýranyň halkyna raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Eýran — Türkmenistan oýnuna ýaponiýaly referi eminlik eder
Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm gurady
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ysraýyl, Liwana Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy şäherindäki mekdebe baryp gördi