Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy şäherindäki mekdebe baryp gördi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy şäherindäki mekdebe baryp gördi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi Türkmenbaşy şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde ýöriteleşen 13-nji orta mekdebe baryp gördi. Mekdepde okuwçylara ýapon dili hem öwredilýär.

Ýapon ilçisi mekdepde gyzgyn garşylanyldy diýip, Ilçihananyň metbugat gullugy belleýär. Okuwçylar myhmanlar üçin tans çykyşyny ýerine ýetirdiler, şeýle-de bu ýerde ýapon dili boýunça açyk sapak hem geçirildi.

Mekdebiň içki bezegi ýapon öwüşginleri bilen ýerine ýetirilipdir.

Soňra ýapon diplomaty 10-njy synp okuwçylary bilen sapak geçdi, şol ýerde çagalar origami sungaty bilen tanyş boldular. Okuwçylar adaty ýapon durnasyny kagyzdan ýasamagy-da öwrendiler diýip, çeşme ýazýar.

Sapagyň ahyrynda mekdebe ilçihananyň işgärleriniň ýörite şu gün üçin öz elleri bilen ýasan 1000 sany kagyzdan durnasy (senbazura ) sowgat berildi.

Ilçi Sasaki Hiroşi Türkmenbaşy şäherine Ýaponiýanyň film festiwalynyň ilkinji gezek geçirilmegi mynasybetli baryp gördi. Saparynyň dowamynda ol Ikinji jahan urşundan soň şäherdäki gurluşyk meýdançalarynda işlän ýapon uruş ýesirleriniň ýadygärligine-de baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar
Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti täzelendi
Türkmenistanyň dünýä dillerini öwredýän institutynda ýapon diline ýöriteleşdirilen otaglar işe girizildi