Türkmenabatda haýwanlara garşy gaýtadan güýçlenen ýowuzlyk gizlin amal edilýär

Türkmenabatda haýwanlara garşy gaýtadan güýçlenen ýowuzlyk gizlin amal edilýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köçelerdäki haýwanlara garşy ýowuzlyk gaýtadan güýçlendi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek häkimiýetler itleri we pişikleri zäherläp öldürmek çärelerini gizlin amal edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary goraýan aktiwistler maglumat berýärler.

"Türkmenabatda galan itleriň we pişikleriň ýok edilmegi dowam edýär. Nobatdaky köpçülikleýin bu çäre Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda başlandy we soňky günlerde hem dowam edýär" diýip, habarçy 24-nji martda aýtdy.

Jemagat hojalygy we Jaý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýan bu çäreler Türkmenabadyň birnäçe etrapçasynda ýüze çykdy.

Bu gezek itleri we pişikleri zäherläp öldürmek işleri öňküler ýaly gündiz wagty ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde däl-de, gijäniň garaňkysynda, hemmeleriň ýatan pursadynda gizlin amal edilýär.

"Bu işgärler giç agşam zir-zibil çeleklerine we onuň töweregine, şeýle-de haýwanlaryň bar bolan ýerlerine awy goşulan et ýa beýleki önümleri oklaýarlar. Gijäniň dowamynda itler we pişikler zäher garylan bu önümleri iýýärler. Işgärler bolsa, daňdan sagat 5-de 'hasyly', ýagny heläk bolan haýwanlary toplaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Haýwanlary goraýan aktiwistleriň birnäçesi soňky günlerde şäheriň "Himik" etrapçasynda ýerleşýän 11-nji Jaý dolandyryş müdirligine içi haýwanlaryň maslygyndan doly haltalaryň getirilendigine ençeme gezek şaýat bolandygyny aýtdy.

"Hususan-da, 23-nji martda köp halta getirildi" diýip, aktiwistleriň biri anonimlik şertinde belledi.

Başga bir aktiwist 24-nji martda daňdan sagat 5 töwereginde "Bahar" etrapçasyndaky zibil çeleginde bir itiň uly ses bilen çyňsaýandygyna we onuň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň eşigindäki iki adam tarapyndan alnyp gidilendigine şaýat bolandygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Türkmenabatda itleriň we pişikleriň öldürilmegi boýunça çäreleriň güýçlenendigi barada martyň başyndan bäri maglumatlar gelip gowuşýar. Ýerli ýaşaýjylar Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň ýörite awtoulagly aýlanyp, itleri ýok edýändigini aýdypdylar.

"Soňky demindäki it jan berýär - 3-nji kiçi etrapçanyň 30-njy jaýy. Adamlar öý haýwanlaryny özleri jaýlamaga synanyşýarlar. Aýallar we çagalar aglaýarlar, çagalar gije aglap çykýarlar " diýip, Azatlygyň habarçysy 13-nji martda Türkmenabatdan maglumat beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Bu çäreler ýurduň dürli künjeginde wagtal-wagtal, hususan-da baýramçylyklaryň öňüsyrasynda güýçlendirilýär.

Ýurt häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi barada ýyllarboýy dowam edip gelýän dymyşlygyny saklaýarlar. Olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryna hem jogap bermeýärler.

Türkmen häkimiýetleri haýwanlary goraýan raýatlaryň idegsiz itler we pişikler üçin penahana gurmak baradaky haýyşlaryny hem ret edýärler.

Geçen ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanuna gol çekdi. Bu kanun itlere rehimsizligi gadagan edýär.

Aktiwistler kanuna garamazdan, ýurtda idegsiz haýwanlaryň rehimsizlik bilen ýok edilmeginiň dowam edýändigini aýdyp, ony "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýärler.

Bu habarlaryň arasynda, ýurtda alabaý itleriniň kulty döwlet derejesinde güýçlendirilýär. Soňky ýyllarda ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi we türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Haýwanlary goraýjylaryň arzasyna berlen jogapda itleri we pişikleri tutmak boýunça görkezmäniň bardygy aýdylýar
Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlygyň idegsiz itlere degişli sowallaryna jogap berdi
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady
Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler
'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar
Türkmenistanly topar Baş konsulhananyň öňünde ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler