Türkmenabatda ýokary synp okuwçylary dynç gününde TW üçin gurnalan bir köpçülik çäresine çekildi

Türkmenabatda ýokary synp okuwçylary dynç gününde TW üçin gurnalan bir köpçülik çäresine çekildi

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda dynç güni orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylary döwlet telewideniýesinde, görnüşinden, 25-nji maý güni efire bermek maksady bilen gurnalan Soňky jaň dabarasyna çekildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Türkmenistanda käbir baýramçylyk çäreleri we möhüm dabaralar döwlet telewideniýesinde, hamala, baýramçylyk güni bolan ýaly edip görkezmek üçin, öňünden wideo ýazgy edilýär. Döwlet gözegçiliginde guramalaşdyrylýan çärelere ýurt raýatlary, köplenç býujet işgärleri, talyp ýaşlar, ýa-da mekdep okuwçylary mejbury çekilýär.

Türkmenabatdaky “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin geçirilen soňky çäre iki gün dowam edipdir.

“Okuwçylar Ak öýüň öňünde hatara goýlup, wideo düşürilýärler” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy aýdýar.

Şu günler Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepler 25 nji maý Soňky jaň dabarasyna taýýarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy telewideniýe üçin niýetlenmedik hakyky Soňky jaň dabaralarynyň Türkmenabadyň käbir mekdeplerinde, şol sanda 41-nji we 1-nji orta mekdeplerde 24-nji maýda geçirilýändigini habar berýärler.

Şol bir wagtda, mekdep resmileri we dabaralaryň gurnaýjylary okuwy tamamlaýan ýaşlardan köpçülik çärelerine gül desseleri bilen gelmegi talap edýärler.

“Iň arzan gülüň bahasy 100 manat” diýip, bir ýaş ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin, “göz üçin”, köpçülik çäreleriniň, şol sanda baýramçylyk dabaralarynyň gurnalmagy tas däbe öwrüldi.

Döwlet telewideniýesi möhüm senelere gabatlap, ýurtda geçirilýän baýramçylyk çärelerini göni efirde alyp görkezmäge derek, adamlar ýöriteläp, wideo ýazgy üçin öňünden guramalaşdyrylýan köpçülik çärelerine çekilýärler.

Mejbury çärelerde çykyş edýän raýatlar döwlet telewideniýesinde baýramçylyk lybaslarynda, şadyýan görnüşde görkezilýär. Janly açyk howa teatrlaryna öwrülýän çärelerde medeniýet işgärleri çykyş edýär, dabaralara mejbury çekilýän raýatlar bolsa, açyk howa sahnasynda şadyýan tomaşaçy roluny ýerine ýetirýärler.

Şu günler ýurduň beýleki sebitlerinde hem soňky jaň dabaralaryna taýýarlyk görülýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Awazanyň amfiteatrynda Soňky jaň dabarasyna bagyşlanyp, 24-nji maýda aýdym-saz konsertiniň geçirilýändigini hem-de orta we orta hünär mekdepleriniň okuwçylarynyň bu konserte gatnaşmak üçin bahasy 100 manat bolan biletleri satyn almaga mejbur edilýändiklerini habar berdi.

Soňky jaň dabaralary we soňky agşam oturyşlyklary adatça mekdep uçurymlarynyň ene-atalary üçin uly çykdajylary göz öňünde tutýar, käbir maşgalalar birnäçe müňe ýetýän çykdajylary asla göterip bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy maýda Lebap welaýatynyň mekdeplerinde 11-nji klas okuwçylardan müňlerçe manat möçberinde uçurym çykdajylarynyň toplanýandygyny habar berdi.

“Uçurymlaryň çykdajylary gün-günden köpelýär. Soňky jaň dabarasyndan soň çagalarymyzyň kafeleriň birinde geçirjek üýşmeleňi üçin 400 manat bermeli. Gyz perzendimiz hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolup, bu dabaralar üçin iki sany täze köýnek soraýar” diýip, şonda türkmenabatly bir ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin soňky jaň dabarasy adatça her ýylyň 25-nji maýynda geçirilýär. 2013-nji ýylda ýurtda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyryldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi