Türkmenabatdaky döwlet sazly-drama teatrtynda Demir aýal atly täze oýun sahnalaşdyrylýar

Türkmenabatdaky döwlet sazly-drama teatrtynda Demir aýal atly täze oýun sahnalaşdyrylýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda özbek dramaturgy Şaraf Başgekowyň pýesasy esasynda Demir aýal atly täze oýun sahnalaşdyrylýar. Bu barada Türkmen gündogary gazetinde habar berilýär.

Täze oýunda beýan edilýän wakalaryň esasynda zenanyň durmuşdaky orny, maşgala agzalarynyň gündelik aladalary, birek-birege bolan hormaty açylyp görkezilýär. Alijan Hemraýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylýan täze eserinde söýgi atly mukaddes duýgynyň gymmaty, maşgala mukaddesligi beýan edilýär.

Demir aýal atly täze sahna eserinde Gülälek Jumaýewa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aman Akyýew, Bagsere Röwşenowa ýaly teatryň tejribeli artistleri dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenabatdaky teatrda çagalar üçin ýene bir eser sahnalaşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular