Türkmenaragatnaşyk agentligi sanly ulgamyň we häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady

Türkmenaragatnaşyk agentligi sanly ulgamyň we häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy.

Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasynda gurnalan tegelek stoluň başynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýurdumyzda hünärmenler we innowasiýalar üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar diýip belläp geçdiler.

Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işler barada durlup geçildi.

Bu ugurda okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, tegelek stollary we çäreleri gurnamak ýaş hünärmenleriň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer, diýip nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar
Aşa çalt zarýad berýän beket
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy