Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary täze ýylyň ilkinji günleri A. S. Puşkin adyndaky teatryň iň gowy oýunlaryna tomaşa edip bilerler

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlady. Täze, 2018-nji ýylyň ilkinji günleri döredijilik topary nebitçiler şäherinde çykyş eder.

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň sahnasynda teatryň artistleri iň gowy oýunlary görkezerler.

Körpeje tomaşaçylar üçin M. Sadowskiniň Maşa we aýy“ hem-de O. Rozumyň Basgançagyň aşagynda ýaşaýan“ oýunlary görkeziler. Aýyny aldap, babasydyr mamasynyň ýanyna gaýdyp gelmegiň hötdesinden gelen batyr gyzjagaz sahna sungatynyň ýaşajyk muşdaklarynyň göwnünden tursa gerek.

Uly ýaşly tomaşaçylar belli türk dramaturgy Reşat Güntekiniň Amanat giýew“ oýnunyň gahrymanlarynyň gülküli başdan geçirmeleri bilen tanşarlar.

Täze ýyl jadylaryna diňe bir çagalar däl, eýsem ulular hem ynanýarlar. N. Ptuşkinanyň sahna eseri bounça goýlan Gitme“ oýnunda şunuň bilen baglanşykly üýtgeşik wakalar gürrüň berilýär. Onda ýagşylykdyr ýagşy hyýallar kän.

M. Worfolomeýewiň Päk ahlakly we günäli“ atly sahna eseri boýunça goýlan oýun pelsepewi pikirlenmegi halaýan tomaşaçylara ýarasa gerek, onda olar gahrymanlar bilen birlikde ýagşy bilen ýamanyň gözbaşyny seljereler, hakyky we ýalan gymmatlyklar barada pikir öwrerler...

Teatryň topary ýanwaryň 3-nden 11-i aralygynda deňizýaka şäherde çykyş ederler. Tomaşaçylar aktýorlar Swetlana Troiskaýanyň, Anatoliý Spiridonowyň, Mihail Rogowyň, Kerim Ataýewiň, Anina Andronowanyň, Aýna Jumaýewanyň, Rişat Kanibetowyň, Larisa Kosonogowanyň, Darýa Selýuminowanyň, Merdan Nurmuhammedowyň we beýlekileriň döredijiligi bilen tanşarlar.

Ýene degişli makalalar

Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
12.02.2019 | Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
13.02.2019 | Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri Aziýanyň çagalary oýunlaryna şowly girişdiler
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri Aziýanyň çagalary oýunlaryna şowly girişdiler
15.02.2019 | Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň Aziýanyň çagalary oýunlarynda gazanan üstünlikleri