Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy

Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy

Soňky aýlarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ogurlyk hadysalarynyň köpelendigini synlasa bolýar. Ýerli ýaşaýjylar jenaýaty amala aşyrýan raýatlarda adamyň janyna ýiti howp salyp biljek ýa-da öldürip biljek gurallaryň bardygyny aýdyp, olary “talaňçylar” atlandyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Ogrular esasan köçelerde, köp gatly jaýlaryň öňünde ýa-da arkasynda duran awtoulaglaryň içindäki gymmatbaha gurallary, şol sanda monitorlary ogurlaýarlar. Olar jenaýatlary gije sagat 1-3 aralygynda amala aşyrýarlar. Şeýle hadysalar soňky iki aýyň dowamynda köpeldi” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu hadysalar köplenç dört-bäş sany ýaş oglan tarapyndan amala aşyrylýar. Ýerli ýaşaýjylar, şol sanda ulaglary talanan raýatlar olary hiç zatdan gorkmaýan “talaňçylar” atlandyrýarlar.

“Geçen hepde ogrular ulagymyň aýnasyny döwüp, gapysyny açanlarynda, ulagymyň signalizasiýasy işledi. Men ikinji gatdaky öýümiň penjiresinden ogrulary görüp durdum. Dört sany ýaş ýigit gorkman, ulagymyň içindäki ähli pula geçýän zatlary söküp aldylar. Men olaryň ýanyna barmaga gorkup, polisiýa jaň etdim. Sebäbi olaryň ellerinde uly pyçaklar we demir taýaklar bardy” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlykda bu wakanyň anyk haçan we haýsy etrapçada bolandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäbi olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, polisiýa köplenç jenaýatçylar ulaglardaky ähli “pula geçäýjek” gurallary alyp gidenden soňra, takmynan bir sagatdan soň gelýär. Polisiýa işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler.

Ýöne olar bu raýatlaryň “neşe maddalaryna meňzeş garyndylaryň täsiri astyndadygyny” aýdyp, beýle hadysa gaýtalansa, ulag eýelerine öýden çykmazlygy, olaryň ýanyna barmazlygy we waka barada özlerine tizden-tiz habar bermegi maslahat berýärler.

“Bu işsiz ýaşlar energiýa içgileriniň içine dermanhanalarda reseptsiz satylýan dermanlary köp mukdarda goşup içýärler. Olar göz üçin niýetlenen damjalary damarlaryndan sanjym edip, psihikasyny doly üýtgedýän serişdeleri kabul edýärler. Olar adamlary öldürmekden hem gorkmaýarlar. Biziň bu ýagdaýlardan habarymyz bar. Biz harby toparlar bilen ýaraglanyp, olara garşy göreşeris” diýip, ulag eýeleriniň biri polisiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Bu ýagdaý ýaşaýjylary, şol sanda ulag eýelerini has-da aladalandyrýar. Şu günler ogurlykdan ejir çeken raýatlar häkimlikleriň wekillerinden, şeýle-de polisiýa işgärlerinden köçelerde howpsuzlygy berkitmek üçin çäre görmegi soraýarlar.

“Köp ýaşaýjy resmilerden köp gatly jaýlaryň howlularyna, awtoulag duralgalaryna wideo kameralary goýmagy we bu ýerleri uly çyralar bilen ýagtylandyrmagy soraýar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Türkmenbaşynyň häkimliginden we polisiýa bölüminden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 20-nji noýabrda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagy ilatyň sosial-ykdysady şertlerini barha agyrlaşdyrýar.

Bu habarlaryň arasynda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde ogurlyk hadysalarynyň ýygjamlaşandygy barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýar.

Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz bu hadysalaryň esasan işsiz we “neşe maddalaryna meňzeş garyndylary ulanan dermanhana narkomanlary” atlandyrylýan ýaşlar tarapyndan amala aşyrylýandygyny soňky aýlarda birnäçe gezek habar berdiler.

10-njy iýulda garaşsyz neşir “Turkmen.news” özlerine Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesinden köp mukdarda resminamanyň gelip gowşandygyny we redaksiýanyň bulary içgin öwrenendigini belläp, ýurtda jenaýat işleriniň amala aşyrylmagynyň esasy sebäbiniň işsizlikdigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem, ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Ministrlik ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary boýunça resmi maglumatlary hem çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär
'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde bäş adam wepat boldy, üçüsi ýaralandy
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi