Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär

Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär

Soňky aýlarda Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji aprelde paýtagtdan beren maglumatynda aýdýar.

“Azyk harytlaryny ogurlaýan erkekleriň we aýallaryň sany köpeldi. Bu ýagdaýlar esasan supermarketlerde we uly dükanlarda ýüze çykýar. Sebäbi bu marketlerde alyjylaryň özleri tarapyndan saýlap-seçip alyp, kassada hasaplaşmak mümkinçiligi ýola girizilendir” diýip, paýtagtyň supermarketleriniň birinde howpsuzlyga gözegçilik edýän jogapkär işgär anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, azyk ogurlygynda saklanýan raýatlar esasan şöhlat, süýji, köke, mürepbe we şuňa meňzeş önümleri alýarlar.

Olar kiçi göwrümdäki bu harytlary esasan goltuk jübüsine, köýneginiň ýa-da jalbarynyň içine, zenanlar bolsa, göwüs lybasynyň içine ýa-da el goş sumkasynyň düýbüne gizleýärler we dükandan çykjak wagty ele düşýärler.

“Dükanlaryň howpsuzlyk işgärleri köplenç polisiýa çagyryp, saklanan raýatlary polisiýa işgärlerine tabşyrýarlar. Erkek adam ele düşse, dükan administrasiýasynyň otagyna salnyp, urgulara güýç ulanmalara sezewar edilýär” diýip, supermarketiň howpsuzlyk işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we söwda edarasyndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň 24-nji aprelde yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýerli polisiýa işgäriniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, ogurlyk hadysalarynda saklanýan raýatlaryň aglabasy mundan birnäçe aý ýa-da ýyl öň işini ýitirip, maşgalasyny ekläp bilmeýän erkekler we aýallardyr.

“Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we soňy görünmeýän ruhy çökgünlik ýurt ilatyny kanun bozmalara we jenaýatlara iterýär.Bu sosial problemanyň sebäplerini çözüp, işsiz, girdejisiz maşgalalara döwlet tarapyndan maddy kömek bermegiň deregine, olar polisiýa tabşyrylýar.

Kä halatda olar azatlykdan mahrum edilýär.Bu bolsa, maşgalalaryň has-da dargamagyna we maşgalanyň galan agzalarynyň öňküsinden hem agyr ýagdaýlara düşmegine sebäp bolýar” diýip, polisiýa işgäri belledi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda ogurlyk we köçe talaňçylygy bilen bagly hadysalaryň göz-görtele köpelýändigi barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagy ilatyň sosial-ykdysady şertlerini barha agyrlaşdyrýar.

Bu faktorlaryň jemgyýetiň esasan hem gowşak gatlagyna ýetirýän täsirleri ilat arasynda barha köp duýulýar. Soňky ýyllarda ýurtda dilegçilik etmäge ýa-da zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlar göz-görtele köpelýär.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem, ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Ministrlik ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary boýunça resmi maglumatlary hem çap etmeýär.

Aşgabatda azyk ogurlygy bilen bagly wakalaryň köpelýändigi baradaky nobatdaky maglumat, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylan unuň, ýagyň we tamdyr çöreginiň bahasynyň tas bazar bahasyna ýokarlandyrylmagyndan iki aý soňa gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler
Russiýa Gazadan ewakuasiýa edilen raýatlary barada maglumat berdi
Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Hazar deňzi boýunça ylmy barlag instituty dörediler