Hazar deňzi boýunça ylmy barlag instituty dörediler

Gazagystanda Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerini öwrenmek maksady bilen ylmy barlag instituty dörediler. Bu barada Respublikanyň suw serişdeleri we suwaryş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Ministrlik eýýäm ylmy barlag institutyny döretmek baradaky karar taslamasyny taýýarlady.

-Institutyň döredilmegi, meseläni öwrenmäge giňişleýin çemeleşmäge we uly göwrümli meseleleri çözmäge mümkinçilik berer diýip, suw serişdeleri we we suwaryş ministri Nuržhan Nuržigitow belledi.

Hazar deňzi boýunça ylmy-barlag instituty Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerini, suwuň derejesiniň peselmeginiň meselelerini, týulenleriň we balyklaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäplerini, Hazaryň týulenlerini, ihtiofaunany, akwatoriýany we kenar ýakasyny gorap saklamak meselelerini öwrener. Hazarýaka döwletlerindäki kärdeşleri bilen ýygjam aragatnaşyk saklamak hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar.

Mundan başga-da, institut Hazar deňziniň ekoulgamynyň ähli ugurlary barada obýektiw we garaşsyz maglumat berer. Alnan maglumatlar döwlet we ýerli ýerine ýetiriji guramalar tarapyndan toplumlaýyn çäreleri kabul etmek üçin esas bolup hyzmat eder. Ylmy guramanyň döredilmegi, Hazar deňzini goramak boýunça halkara we milli borçnamalary doly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Russiýada 10 Müňden Gowrak Öý Suwuň Aşagynda Galdy
Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler
Russiýa Gazadan ewakuasiýa edilen raýatlary barada maglumat berdi
Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi