Russiýa Gazadan ewakuasiýa edilen raýatlary barada maglumat berdi

Russiýa Gazadan ewakuasiýa edilen raýatlary barada maglumat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi kömek berilmek barada çagyryş beren 900 raýatynyň 653-sini Gazadan ewakuasiýa edip bilendiklerini mälim etdi.

Beýanat Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internetdäki resmi sahypasyndan berildi.

Beýanatda: "22-nji noýabrda rus raýatlaryndan we palestinalylardan ybarat 28 adamdan ybarat topar Moskwa gelip ýetdi. Şol bir wagtda Rafah gümrük geçelgesinden Müsüre ýene-de 82 adam geçdi" diýip habar berildi.

Beýanatda: "Gazadan häzirki wagta çenli ewakuasiýa edip bilen raýatlarymyzyň sany 635-e ýetdi, jemi ewakuasiýa edilmegi üçin 900 adam ýüz tutupdy. Kairden Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli uçar bilen 553 raýat getirildi" diýip aýan edildi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda ewakuasiýa tapgyryna Müsüriň, Ysraýylyň, Palestinanyň we Kataryň hökümetlerinden kömek alynandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär