Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 199 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 54 palestinalynyň ýogalandygy, 104 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 151 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 77 müň 84 adama ýetdi.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar