Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 200 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 32 palestinalynyň ýogalandygy, 59 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 183 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 77 müň 143 adama ýetdi.

Gazada soňky 10 günde öldürilen palestinalylaryň sany bolsa 469 adama ýetendigi mälim edildi.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär