Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek, öndürilýän nebit önümlerini sarp edijilere ygtybarly ýetirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy nebit önümlerini kabul etmekde, saklamakda hem-de sarp edijilere demir ýol we deňiz ýollary arkaly ibermekde esasy düzüm birligi bolup hyzmat edýär.

Bu kärhananyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy öndürilýän nebit önümleriniň ygtybarly kabul edilmegini, saklanmagyny, ýüklenmegini hem-de daşalmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz bu zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Lebap sement zawodynda 800 müň tonna golaý önüm öndürildi
Gazbeton önümçilik zawody Türkmenistanyň gurluşyk desgalaryny zerur önümler bilen üpjün edýär
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
Hytaýda çaga dogluşynyň azalmagy sebäpli Irlandiýadaky zawod ýapylar
Nebitmaş DK Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär
Lebap welaýatynda Ak Bulut kompaniýasynyň gurluşyk materiallaryny öndürýän täze zawody işe başlady