Nebitmaş DK Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär

Nebitmaş DK Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Nebitmaş döwlet kärhanasy iň ilkinji köpugurly kärhanalaryň biridir. Onuň işi ýurtda bäsdeşlige ukyply, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige gönükdirilen senagat önümçiliginiň üstünlikli ösüşiniň, ýerli pudaklaryň zerur önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Döwlet kärhanasy nebitgaz we elektrotehnika senagaty, ýurduň halk hojalygynyň beýleki beýleki pudaklary üçin zerur harytlaryň giň toplumyny, şeýle hem tutuş energetika toplumynyň infrastrukturasy üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär.

Elektroenergetika pudagy üçin enjamlaryň giň toplumy daşky bloklary, transformator we yşyklandyryş stansiýalaryny, ýokary woltly predohranitelleri we dürli görnüşli liniýaly-birikdiriji armaturalary öz içine alýar.

Ýakynda bu kärhana izolýatorlaryň, ýurduň elektroenergetika pudagynda giňden isleg bildirilýän, izolirlenmedik we izolirlenen tok geçirijili ýokary woltly liniýalar üçin niýetlenen ŞF-20 keramiki farfor izolýatorlaryň önümçiligini ýola goýdy. Zawodda Germaniýa Federal Respublikasynyň ECTkema kompaniýasynyň ýokary dykyzlykly keramiki palçyk almak üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň oturdylmagy bu önümleriň öndürilmegine mümkinçilik döretdi.

Kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda polat çelekler, gaz gazanlarynyň dürli görnüşleri we dürli göwrümli ýylylyk çalşykly ýyladyjy gurluşlar, şeýle hem gözegçilik (wahta) gullugyny enjamlaşdyrmak üçin amatly we giň wagon görnüşli jaýlar bardyr. Ýörite typýan aýakly (salazkaly) wagon-jaýlarda (ýerini üýtgetmegiň ýeňil bolmagy üçin) wahta usulynda ilatly nokatlardan uzakda işleýän nebitçileriň, burawlaýjylaryň, elektrik geçirijilerini çekijileriň hojalygyny emele getirmeklerihem-deýaşamaklary üçin ähli şertler bar.

Galyberse-de, şeýle wagonlarda iş otaglaryny, kiçiräk ussahanalary, aşhanalary, hammam we beýleki goşmaça otaglary ýerleşdirmek mümkindir.

Mundan başga-da, Nebitmaş DK nebitgaz we elektrotehnika pudaklarynyň işgärleri üçin ýörite lybaslary: penjekleri, buşlatlary, balaklary we dürli çylşyrymlylykdaky işler geçirilende adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän beýleki önümleri tikmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Öndürilýän önümleriň hatarynda gözegçilik diňleri hem bar. Beýik metal gurluşlar dürli maksatlar bilen peýdalanylýar we olara köp pudaklarda isleg bildirilýär. Olar geologiki gözleg işlerinde, peýdaly gazylyp alynýan serişdeler alnanda, desgalar goralanda, radio signallary iberilende, binalary gurlanda we abatlananda ulanylýar.

Şeýle hem kärhana dürli metallarda we islendik çylşyrymlylykdaky erginlerde tokarçylyk-frezerleme hem-de demirçilik işlerini ýerine ýetirýär.

Kärhanalaryň we ilatyň hojalyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Nebitmaş DK kondisioner ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary gurnamak hem-de abatlamak bilen meşgullanýar.

Nebitmaş döwlet kärhanasy önümçilik sehlerini dünýäniň öňdebaryjy önümçilik kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrmaga aýratyn üns berýär, bu bolsa önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge kömek edýär.

Nebitmaş DK-nyň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Telefon: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda benzin gytçylygy döredi
Koreýa kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurup biler
“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz-himiýa pudagynda iri taslamany durmuşa geçirer
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24,8 milliondan geçdi