Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Şuşa şäherinde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 27-nji mejlisine gatnaşýar.

Duşuşyk 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň YHG-a başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilýär. Guramanyň şu ýyl üçin mowzugy Ýaşyl geçiş we özara baglanyşyk diýlip atlandyrylýar.

Duşuşyga YHG-a agza alty ýurtda (Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan) daşary işler ministrleriniň derejesinde wekiller gatnaşýar.

Duşuşykda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow tarapyndan gutlag sözi, şeýle hem gatnaşyjy we synçy döwletleriň wekilleriniň, halkara hyzmatdaşlarynyň we YHG-niň ýöriteleşdirilen bölümleriniň çykyşlary diňlenildi. Mundan başga-da, duşuşykda mejlisiň gün tertibindäki beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Onuň maksatlary sebitdäki ykdysady ösüşi, durnuklaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Häzirki wagtda YHG-niň düzümine 10 döwlet — Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan we Türkiýe girýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Şuşada YHG-a agza ýurtlaryň Ministrler geňeşiniň mejlisi öz işine başlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
YHG-nyň 16-njy Sammiti Daşkentde Başlady
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar