TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi

TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçirilen söwdalaşyklarda 39 million 903 müň 125 ABŞ dollarlyk geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet kärhanasynyň önümi bolan, bahasy 38 million 655 müň ABŞ dollarlyk “ECO-93” awtobenzinini satyn aldylar.

Özbegistandan gelen işewür “Türkmennebit” DK-niň tehnologiýa düzümlerinde öndürilen “KO-20” görnüşli yşyklandyryş kerosinini satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 248 müň 125 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Birža täzelikleri